Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk wizalaryny almakda hemaýatkär talaby 'girizilýär'


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkiýe respublikasynyň wizalaryna ýüz tutýan türkmenistanlylardan goşmaça ätiýaçlandyrmalar talap edilip başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 7-nji maýda habar berdiler.

Täze ätiýaçlandyrmalar “hemaýatkärlik” atlandyrylýar we türk wizasyna ýüz tutýan raýatyň Türkiýede adatdan daşary ýagdaýlara duçar bolan halatynda onuň üçin zerur bolan harajatlar boýunça kepillikleri göz öňünde tutýar.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy ýa-da Aşgabatdaky türk wiza merkezi öz resmi web sahypalarynda täze talaplar boýunça bildiriş çap etmedi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine görä, Wiza merkezi türk wizalaryna ýüz tutýan raýatlardan “Hemaýatkärlik hatyny” talap edýär. Ýüz tutujynyň wizasyna hemaýat edýän taraplar Türkiýäniň çäginde adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmenistanlynyň zerur çykdajylaryny tölemegi öz üstüne alýar.

“Ýurtda ätiýaçlandyryş firmalarynyň bolmazlygy türkmenistanlylaryň türk wizalaryna ýüz tutmagy bilen bagly käbir päsgelçilikleri döredýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanýar.

Aşgabatdaky türk wiza merkeziniň, “Gateway International” kompaniýasynyň resmi web sahypasyna görä, türk wizasyna ýüz tutýan türkmenistanlylaryň saglyk we syýahat ätiýaçlandyrmalary kompaniýa tarapyndan hödürlenýär.

“Daşarda düzedilen ätiýaçlandyrmalar kabul edilmeýär” diýip, Wiza merkeziniň web sahypasynda aýdylýar.

Türkiýe respublikasyna sapar edýän türkmenistanlylaryň wizalaryna hemaýatkärlik hyzmatyny hödürleýän taraplar, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň öwrenen maglumatlaryna görä, ýerli notarial bölümlerde “Hemaýatkärlik hatyna” gol çekip wiza merkezine tabşyrýarlar.

“Hemaýatkärler Türkiýe döwletinde adatdan daşary ýagdaýlara duçar bolan türkmenistanlylaryň ähli harajatlaryny öz üstüne alýar” diýip, çeşmeler aýdýar.

Adatça, halkara tejribelerde ýüz tutulýan wizalaryň hemaýatkärligi wizalara ýüz tutulýan ýurtlardaky fiziki ýa-da ýuridiki şahslara ynanylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy türk wizalaryna hemaýatkärlik edýän taraplar bilen bagly hem käbir talaplaryň göz öňünde tutulandygyny habar berýär.

“Meselem, türkmenistanly potensial hemaýatkäriň aýlyk girdejisi azyndan 3000 manat bolmaly we ol jenaýat jogapkärçiligine çekilmedik adam bolmaly” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çeşmeleri sitirleýär.

Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabrynda, Aşgabadyň haýyşy boýunça, türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy.

2007-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň raýatlary bu ýurda gysga möhletde wizasyz, erkin syýahat edip bilýärdi. Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen has köp raýatlar eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýe respublikasyna göçüp başlady. Bu aralykda, türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan pasport kynçylyklary dowam edýän mahaly, Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany köpeldi.

Türkiýe döwleti 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda wizasyz syýahat düzgünini heniz ýatyrmanka Türkmenistandaky hökümetçi neşirler türk wizalaryny almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyny çap edip başlady.

Şondan biraz ozal, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat çap edip, türkmen tarapynyň türkmenistanlylar üçin wagtlaýyn esasda dürli wiza düzgüniniň girizilmegi boýunça Türkiýe döwletine ýüz tutandygyny mälim etdi.

Bu ädim türkmen hökümetiniň öz raýatlarynyň halkara hereketini çäklendirmek ugrunda alyp baran synanyşyklary hökmünde ýatda galdy.

Wiza düzgüniniň girizilmegi bilen türkmenistanlylaryň Türkiýä syýahat etmegi kynlaşdy. Şeýle-de, türk wizalaryny almak boýunça täze-täze talaplar girizildi.

“Türk wizasynyň hemaýatkärligi boýunça täze talaplar türkmen we türk hökümetleriniň bilelikde kabul eden ylalaşygyna çalym edýär” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG