Sepleriň elýeterliligi

Iň soňky iş güni ABŞ-nyň ilçisi Gazagystany tankytlady


Düýn Birleşen Ştatlaryň Gazygystandaky ilçisi Riçard Hogland Astanada özüniň bu wezipedäki iň soňky iş güni metbugat-konferensiýasynda Gazagystanda planlaşdyrylýan referendum bilen bagly tankydy garaýyşlary aýtdy.

Hususan-da, ol bu meselede gazagystanlylaryň dürli ideýalary we dürli şahsyýetleri saýlamak hukugyna mynasypdyklaryny nygtady.

Gazagystandan Pakistana täze diplomatik wezipe bilen gidýän Riçard Hogland öz bu bellikleriniň Nursoltan Nazarbaýewiň adyna aýdylýan tankyt däl-de, özüniň umumy nukdaýnazary hökmünde kabul edilmelidigini belledi.

Geçen aý Gazagystanda döredilen bir inisiatiw topar 2012-nji ýylda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynyň ýerine Nazarbaýewi 2020-nji ýyla çenli prezidentlik wezipesinde galdyrmak meselesi boýunça ählihalk referendumyny geçirmek ideýasy bilen çykyş edipdi.

Bu ideýany dekabryň ahyrynda ýurduň parlamenti hem goldady.
XS
SM
MD
LG