Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň oppozisiýasyna 87 million ýewro berler


Dünýäniň 40 çemesi ýurdunyň wekilleri ýakyn döwürde Belarusyň oppozisiýasyna 87 million ýewrolyk kömek bermegi wada etdi.

Bu barada çarşenbe güni Belarus boýunça Warşawada geçirilen konferensiýada yglan edildi. Şol duşuşyk 19-njy dekabrda Belarusda geçen prezidentlik saýlawlaryndan soň hökümete garşy proteste çykanlaryň ýüzlerçesiniň tussag edilmegi bilen bagly geçirildi.

Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorskiý şeýle diýdi: “Belki, entek hem Belarusyň hökümetiniň öz pozisiýasyny üýtgetmegine wagt bardyr. Geçen dekabrdan bäri köp zat özgerdi. Belki, Ben Aliniň, Mubaregiň ykbaly we beýleki mysallar prezident Lukaşenkony özi üçin iň amatly bolmadyk ýoly saýlap alan bolmagynyň mümkindigi barada oýlanmaga mejbur eder”.
XS
SM
MD
LG