Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranyň iki resmisine garşy sanksiýa girizdi


Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi Eýranyň rewolýusiýa sakçylarynyň “Basij” harby güýçleriniň başlygy Mohammed Reza Nakdini we Tähranyň baş prokurory Abbas Jafari Dolatabadi Eýranda adam hukuklaryny bozmakda aýyplap, olara garşy sanksiýa girizdi.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň aýtmagyna görä, 2009-njy ýylda Eýrandaky dawaly prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda adam hukuklarynyň bozulmagyna ýol berlipdir.

Agzalýan resmilere wiza gadaganlygy giriziler we olaryň Birleşen Ştatlaryň garamagyndaky serişdeleri doňdurylar.

Sanksiýalar Amerikanyň raýatlaryny olar bilen maliýe hyzmatdaşdyşlygyna girmekden hem saklaýar.
XS
SM
MD
LG