Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Staliniň şahsyýet kultuny paş eden doklada 55 ýyl doldy


Anna güni Staliniň şahsyýet kultuny paş eden doklada 55 ýyl doldy. Şol dokument Hruşýowyň maýylganlyk ýyllary diýlen döwrüň başyny başlapdy.

Şondan soň SSSR-de Stalin döwri repressiýa sezewar edilen adamlar aklanypdy.

Doklad 1956-njy ýylyň 25-nji fewralynda SSKP-niň XX gurultaýynyň ýapyk maslahatynda SSKP MK-nyň Prezidimunyň Birinji sekretary Nikita Sergeýewiç Hruşýow tarapyndan okalypdy.

Dokumentde ilkinji gezek Stalin we onuň ýakyn töweregi tarapyndan edilen köp sanly jenaýatlar boýun alnypdy.

Şol dokladyň doly teksti SSSR-de diňe 1989-njy ýylda çap edildi.
XS
SM
MD
LG