Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa boýunça öz aladasyny mälim etdi


Şu gün Orsýet Siriýanyň daşary ýurt interwensiýasynyň ojagyna öwrülmeginiň mümkindigini aýdyp, bu barada öz aladasyny mälim etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gazagystana sapary wagtynda bu barada eden çykyşynda Siriýanyň oppozisiýasyny Liwiýadaky ýaly wakalaryň gaýtalanmagyna ýol bermezlige çagyrdy.

Şeýle-de, ol Siriýada käbir şahsyýetleriň daşary ýurt güýçlerini goldawa çagyrmaklary netijesinde ýurduň öz içindäki barlyşyk we gepleşikler prosesiniň has haýallandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG