Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ, Fransiýa we Orsýet Ermenistan bilen Azerbaýjany oňşuga çagyrýar


Amerikan, fransuz we rus liderleri Ermenistan bilen Azerbaýjany Dagly Garabag konfliktini parahatçylykly çözmäge çagyrdylar.

Sekizler toparynyň sammtinde prezidentler Barak Obama, Nikolýa Sarkozi we Dmitriý Medwedew tarapyndan bilelikde edilen beýanatda Azerbaýjan we Ermenistan syýasy isleg görkezmäge hem-de iýunda boljak sammit mahalynda parahatçylyk şertnamasynyň esasy ýörelgelerini jemlemäge çagyrylýar.

Rus, ermeni hem azeri prezidentleri iýunda Orsýetiň Kazan şäherinde duşuşmaly.
XS
SM
MD
LG