Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenleriň hem öz emeli hemrasy bolar


Türkmenistan ýeriň orbitasyna öz emeli hemrasyny iberse, GDA döwletleriniň arasynda öz emeli hemrasy bolan 4-nji ýurt bolar.

Türkmenistan ýeriň orbitasyna öz emeli hemrasyny iberse, GDA döwletleriniň arasynda öz emeli hemrasy bolan 4-nji ýurt bolar.

30-njy maýda döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek baradaky” permana gol çekdi. Bu permana laýyklykda, Milli kosmos agentliginiň öňünde ýeriň töweregindäki orbita gözegçilik etmek, emeli hemra aragatnaşyklaryny ýola goýmak, kosmos giňişligi bilen bagly ylmy barlaglary geçirmek we Türkmenistanyň territoriýasyndan emeli hemralaryň dolandyrylyşyny üpjün etmek wezipeleri durýar.

“Ylmyň-bilimiň ösmegine itergi”

Aşgabatly alym Ýazgeldi Bekdurdyýew ýurtda Milli kosmos agentliginiň döredilmegini gutlanmaly ýagdaý hökmünde kabul edendigini hem-de bu işiň ýurtda ylym-bilimiň ýagdaýyna oňyn täsir etjekdigini aýdyp şeýle diýdi: "Milli kosmos agentliginiň döredilmegi ýurtda ylmyň-bilimiň ösmegine ýardam edip biljek faktorlaryň biri. Sebäbi kosmos serişdelerini dolandyrmak üçin ýokary derejeli kadrlar gerek bolar. Bu ýagdaý täze ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegine, olarda ylmy işleri alyp barjak alymlaryň dünýäniň öňde baryjy bilim merkezlerinde tejribe toplamagy üçin döwlet tarapyndan ýardam berilmegine getirer. Ylma uly pul serişdeleri sarp ediler. Netijede, bu ýagdaý ýurtda ýokary derejeli spesialistleriň döremegine itergi berer, ýokary tehnologiýalaryň hem giň ýaýramagyna getirer".

Türkmenistan häzir Orsiýetiň «Ýamal» emeli hemrasynyň hyzmatlaryndan peýdalanýar.
Alym Bekdurdyýew emeli hemra aragatnaşygynyň ýurduň halk hojalygyna etjek täsiri barada hem öz pikirini beýan etdi. Onuň tassyklamagyna görä, häzirki döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösmegi hem emeli hemra aragatnaşygyna bagly: “Elbetde, ýurdumyzyň öz emeli hemrasynyň döremegi örän bähbitli bolar. Emeli hemra aragatnaşygy maglumatlary ibermek ýa-da kabul etmek üçin ýokary hilli, ýokary tizlikli we effektiw aragatnaşygy gurnamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de aragatnaşyk we internet, telewideniýe sistemalarynyň ösdürülmegini çaltlandyrar”.

Soňra ol şeýle diýýär: “Barmasy kyn bolan ýerleriň ilatyny hem ýokary hilli argatnaşyk hyzmaty bilen üpjün edip bolar. Emeli hemrany biziň ýurdumyzyň oba hojalygynda hem giňden ulanyp bolar. Geodezik barlaglar, ýurduň ekologik ýagdaýynyň monitoringini amala aşyrmakda has ýokary netijeleri gazanmaga emeli hemra aragatnaşygynyň roly uly”.

GDA-da 4-nji ýurt bolar

Türkmenistan ýeriň orbitasyna öz emeli hemrasyny iberse, GDA döwletleriniň arasynda öz emeli hemrasy bolan 4-nji ýurt bolar. Häzir GDA döwletleriniň arasynda Orsiýetiň, Ukrainanyň, Gazagystanyň emeli hemrasy bar. Azerbaýjanyň ilkinji emeli hemrasyny hem 2012-nji ýylyň ahyrynda ýeriň geostasionar orbitasyna çykarmak meýilleşdirilýär.

Azerbaýjan öz ilkinji emeli hemrasy üçin 200 million amerikan dollaryndan gowrak pul serişdesini sarp eder. Bu çykdaýjylar takmynan 7 ýyldan soň özüni ödär diýip azerbaýjanly bilermenler aýdýarlar. Emeli hemranyň bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, onuň halk hojalygy üçin bitirýän işleri örän ähmiýetli hasaplanýar.

Türkmenistan häzir Orsiýetiň «Ýamal» emeli hemrasynyň hyzmatlaryndan peýdalanýar. Bu emeli hemra arkaly türkmen telewideniýesiniň 5 telekanaly ýaýlyma goýberilýär. 2005-nji ýylda bolsa Türkmenistan Orsýetiň kömegi bilen Saparmyrat Nyýazowyň Ruhnama kitabynyň 1-nji bölümini hem-de Türkmenistanyň baýdagyny ýeriň orbitasyna çykarypdy.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG