Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň energiýa wekili Morningstar türkmen prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili ilçi Riçard Morningstar
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili ilçi Riçard Morningstar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ýörite wekili ilçi Riçard Morningstary kabul etdi.

“Konstruktiw içeri we daşary syýasat alyp barýan Türkmenistan bilen gatnaşyklara ABŞ-da uly ähmiýet berilýändigini Morningstar duşuşykda nygtady” diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Berdimuhamedow türkmen-amerikan gepleşikleriniň soňky ýyllarda ýokary derejelerde aktiwleşendigini, täze häsiýete eýe bolandygyny belledi. Ol Birleşen Ştatlar bilen iň möhüm partnýorlaryň biri hökmünde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.

Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili ilçi Morningstar we Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ýangyç-energetika sektory ýaly aktual ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýlip, habar berilýär.

“Transhazar”

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanylýan “Nabukko” gaz proýektiniň ýeterlik derejede gaz bilen üpjün edilmegi üçin Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “Transhazar” gazgeçirijiniň gurulmagy möhüm hasaplanýar. Bu gazgeçiriji arkaly Türkmenistan Hazaryň gazyny Ýewropa bazaryna çykarjak “Nabukko” turbalaryna ýyllyk 10 milliard kubometrlik gaz akdyrmaly.

Geçen hepde Bakuda bolan metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Morningstar eger turba Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň suw giňişliginden geçmeli bolsa, onda “Transhazar” proýektini amala aşyrmakda hiç hili päsgelçilik görmeýändigini, şol proýektiň “Nabukko” üçin zerurdygyny nygtady. Ol ABŞ bilen Ýewropa Bileleşiginiň “Transhazara” syýasy goldaw berýändigini hem belledi.

Emma ýakynda Orsýetiň Azerbaýjandaky ilçisi Wladimir Dorohin Hazaryň düýbünde gazgeçirijini gurmak meselesiniň hazarýaka bäş ýurduň hemmesiniň gatnaşmagynda çözülmelidigini öňe sürdi. Ýagny, ilçiniň aýtmagyna görä, bu mesele diňe proýekte gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan däl-de, Hazaryň kenarynda ýerleşýän hemme ýurtlar tarapyndan çözülmeli.

TDH gullugynyň maglumatynda “Transhazar” barada anyk bir zat aýdylmaýar. ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Wilýam Stiwens hem bu soraga anyk jogap bermekden saklandy. Ol: “Ilçi Morningstar Türkmenistana ýygy-ýygydan sapara gelýär. Onuň prezident Berdimuhamedow bilen gepleşikleriniň dowamynda energiýa hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de regiondaky energiýa bähbitleriniň giň möçberi boýunça pikir alşyldy” diýmek bilen çäklendi.

Energiýa hyzmatdaşlygy

Ilçi Morningstaryň global energiýa howpsuzlygyny we giň halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmäge degişli Türkmenistanyň öňe sürýän pozitiw inisiatiwalaryna, Türkmenistanyň energiýa syýasatyna ýokary baha berendigi habar berilýär. Onuň sözlerine görä, türkmen bazarynda, nebit-gaz pudagynda amala aşyrylýan uly proýektlere dünýäniň işewür töwerekleriniň we uly amerikan kompaniýalarynyň gyzyklanmasy artýar.

Orsýete, Hytaýa, Eýrana gaz satýan Türkmenistan gaz eksporty boýunça regionda esasy pozisiýalaryň birini eýeleýär. Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň programmasyna laýyklykda 2030-njy ýylda tebigy gazyň çykarylyşyny ýylda 230 milliard kubometre ýetirmek, onuň esasy bölegini daşarky bazara çykarmak planlaşdyrylýar.

“Indiki goşmaça çekiljek turbalaryň arasynda iň köp gürrüňi edilýänleri - Gazagystanyň üsti bilen Orsýete barmaly “Prikaspiý”, Hazaryň asty bilen Azerbaýjan üstaşyry Ýewropa gaz akdyrmaly “Nabukko” we Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana barmaly “Transowgan” proýektleri” diýip, azeri “Trend” agentligi belleýär.

“Daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatlaşlyga Türkmenistan hemişe açyk” diýip, Berdimuhamedow öz ýurdunyň energetik strategiýasyny dünýä bazaryna türkmen gazyny çykarmagyň täze ýollaryny açmak, milli ýangyç-energetika toplumyny täzelemek prinsipleri esasynda düzýändigini belledi.

Duşuşygyň soňunda prezident bilen amerikaly myhman türkmen-amerikan dostlukly dialogyň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Robert Patterson hem gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG