Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Ýewropadan getirilýän gök önümlere gapylaryny açdy


Orsýet Ýewropadan getirilýän gök önümlere garşy girizilen gadaganlygy ýaryrdy. Bu baradaky ylalaşyga Ýewropa Bileleşiginiň saglyk boýunça komissary Jon Dalliniň Orsýete eden saparynyň dowamynda gol goýuldy.

Orsýet Ýewropada “E.coli” bakteriýasynyň ýaýramgyny göz öňünde tutup, ol ýerden import edilýän gök-önümlere gadaganlyk girizipdi.

Geçen ýyl Ýewropadan Orsýete 862 million dollarlyk gök önüm eksport edilipdi.
XS
SM
MD
LG