Sepleriň elýeterliligi

Weli (Welimuhammet) Muhadow 1916-njy ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat raýonynyň Bagyr obasynda dünýä inýär. Türkmen sowet kompozitory, jemgyýetçilik işgäri, SSSR-iň Halk artisti (1965),Türkmenistanyň Sungatda at gazanan işgäri (1852), SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi (1950-51), Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty (1972).

Weli Muhadow 1941-nji ýylda Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň ýanyndaky milli türkmen studiýasyny, 1951-nji ýylda bolsa şol konserwatoriýanyň kompozitorlyk bölümini tamamlaýar. Dünýä klassyklarynyň, rus kompozitorlarynyň döredijiligini yzygiderli öwrenýär.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar hem "Batalýon, öňe", "Gyzyl goşun", "Gyzyl flotçular hakynda aýdym" ýaly eserlerini döredýär. Uruşdan soň kompozitor türkmen saz sungatynyň dürli žanrlarynda "Akpamyk" (Znosko-Borowskiý bilen bilelikde), "Kemine we kazy" (1947), "Zöhre we Tahyr"(1950) operalaryny Adrian Şapoşnikow bilen bilelikde döredýär.

Weli Muhadow Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň sözlerine Türkmenistanyň döwlet gimnini döredýär. Ol "Türkmen sýuitasy" (1950), "Meniň watanym" (1951) atly simfoniki poemalaryň, "Liriki sýuita" (1955), "Bagt hakynda kantata" we başga-da köp eserleriň awtorydyr.

Ol soňky ýyllar dürli saz eserlerini, köp sanly liriki aýdymlary, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň adybir poemasy esasynda "Ganly saka" operasyny döredýär. Alty Garlyýew adyndaky Türkmenfilm kinostudiýasynyň öndüren birnäçe filminiň sazyny ýazýar.

Onuň döreden operalary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasynda goýulýar. Kompozitoryň giň we görnükli döredijiligi özüniň ýokary professional saz sungatyna ýugrulanlygy, milli öwüşgine baýdygy, çeper ideýalylygy bilen meşhurlyk gazandy.

Weli Muhadow Lenin ordeni, "Zähmet Gyzyl baýdak", "Hormat nyşany", "Halklaryň dostlugy" ordenleri, birnäçe medallar bilen sylaglanýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda onuň döreden gimni ýatyryldy. Ol bir ýyl gowrak Türkiýede Ankara konserwatoriýasynda sazdan sapak berdi.

Weli Muhadow 2005-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Aşgabatda aradan çykdy.

Kompozitor Weli Muhadowyň sazyna, şahyr Gara Seýitliýewiň sözlerine döredilen we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmegindäki «Aşgabat» aýdymy.


Azatlyk Radiosy türkmen kompozitory Weli Muhadowyň dörerdijiligi barada onuň bilen ýakyndan gatnaşykda bolan Orsýet Federasiýasynyň Halk artisti Myrat Annamämmedow bilen gürründeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Myrat, bu günki gahrymanymyz barasynda nämeler aýdarsyňyz?

Myrat Annamämmedow: Meniň Weli Muhadow baradaky gürrüňim başlanyp biler, ýöne hiç tamamlanmaz. Sebäbi onuň döredijilik ýoly şeýle bir köptaraply, şeýle bir talantly, şeýle bir artistik, bu sanawy ýene dowam etdirip bolar.

Azatlyk Radiosy: Myrat, öz döredijiligi bilen Weli Muhadow türkmen milli saz sungatyna nähili goşant goşdy?

Myrat Annamämmedow: Ol türkmen milli saz sungatyny, däplerini özüne siňdiren türkmen hökmünde Moskwada okap, saz äleminiň inçe tärlerini ele aldy, olary utgaşdyrdy.

Azatlyk Radiosy: Weli Muhadowyň sazlary näjili häsiýetleri bilen tapawutlanýar?

Myrat Annamämmedow: Onuň sazlary ynandyryjylygy, hakykylygy, aňa ýeňil ornaşyşy, ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Onun sazlary diňe bir türkmenleriň däl, islendik diňleýjiniň ýüregine ýol ýasaýar. Onuň sazlaryny halk sazy hökmünde kabul etmek mümkin. Dünýä klassyk saz dünýäsiniň žanrlarynda milli esasda, gönezlikde saz eserlerini döretmelidi. Ony ilkinji dünýä inderýän adam hökmünde ýa erbet ýa-da genial derejede döredip boljakdy. Weli Muhadowa çenli instrumental ýa orkestr ýa-da beýleki žanrlarda türkmen sazy ýokdy.

Ol Moskwa konserwatoriýasynda Kuznesow ýaly ussatlardan sapak aldy, onuň güýçli saz ýatkeşligi bardy. Ol dünýä we ors klassyk saz sungatyny öwrendi, özleşdirdi. Şol esasda saz eserlerini döredip, heniz studentkä "Türkmen sýuitasy" we "Meniň watanym" atly simfoniki poemasy üçin iki sany döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ol döwürde oňa Stalin baýragy diýilýärdi.

Azatlyk Radiosy: "Meniň watanym" eseri barasynda professional hökmünde gürrüň berseňiz.

Myrat Annamämmedow: Bu eser meniň üçin ajaýyp saz eseri, simwol, ykbal. Men dirižýorlyk kärime hut Weli Muhadowyn "Meniň watanym" simfonik poemasyndan başladym. Ol ajaýyp sazlygyndan başga, şeýle bir ussatlyk bilen ýazylypdyr, poema hakykatdan-da genji-hazyna. Onda meşhur rus kompozitorlarynyň täsiri duýulýanam bolsa, ol hakyky türkmen saz eseri.

Şu ýerde beýik ermeni kompozitory Tartarýanyň bir sözüni getirmekçi: "Saz näçe milli bolsa, ol şonça-da internasionaldyr". Men Weli Muhadowyn şol eserini dünýäniň dürli ýurtlarynda, dürli şäherlerinde ýerine ýetirdim. Ol diňleýjiler tarapyndan şol ýurtlaryň öz sazy ýaly kabul edilýär.

Azatlyk Radiosy: Myrat, Weli Muhadowyň saz dörediş prosesi barasynda nämeler aýdarsyňyz?

Myrat Annamämmedow: Men Aşgabatda baş dirižer wagtym, bir gezek maestro maňa jaň etdi hem: "Men saňa täze simfoniýamyň taslamasyny görkezjek, gaýrat et-de ýanyma gel" diýdi. Agşam öýlerine bardym. Iş kabinetine girdik. Taslama-eskiz iki setirde, ýönekeýleşdirilen görnüşde ýazylypdyr. Ol, adatça, şeýle ýazylýar. Ol simfoniýany roýalda çalyp başlady, men nota sahypalaryny agdaryp berýärin. 2-nji, 5-nji ,6-njy sahypalar. Ol çalýar, barha gyzýar, haşyldaýar, gygyrýar, barha joşýar. Ine, birden sahypalar tamamlandy, soňkular ak kagyz. Hiç hili ýazgy ýok. Weli Muhadow bolsa çalmasyny dowam etdirýär. Men düşünemok, ol çalyp otyr, nota ýok. Ol ýene 20 minut çemesi notasyz tutuş simfoniýasyny çaldy. Soňky çalanlary-da onuň ikinji simfoniýasynda, eser taýýar bolanda, öz ornuny tapdy. Men bu hadysa haýranlar galdym.

Azatlyk Radiosy: Weli Muhadowyň deňi-taýy bolmadyk eserleriniň biri – Türkmenistanyň öňki döwlet gimni. Bu barasynda nämeler aýdarsyňyz?

Myrat Annamämmedow: 1946-njy ýylda Weli Muhadow tarapyndan döredilen gimniň bu gün unudylmagyna gaty gynanýaryn. Ol genial eser. Gysgajyk 2-3 minutlyk pýesa ähli zady: milli pafosy, milli buýsanjy, umydy, dabarany, ýurduň, milletiň beýikligini özünde jemleýär. Ol şeýle bir süýji ýanlanýar. Ony aşa söýýärin. Saz gymmaty, derejesi boýunça Weli Muhadowyň döreden gimnini meniň professional nukdaýnazarymdan, ýönekeý ynsan nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň häzirki gimni bilen deňeşdirmek mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Eger şeýle bolsa, Türkmenistanyň gimniniň Weli Muhadow tarapyndan döredilen sazyny öňküligine galdyryp, sözlerini çalyşsalar nähili bolardyka? Orsýetde SSSR-iň gimniniň sazyny Russiýa Federasiýasynyň döwlet gimni hökmünde kabul etdiler.

Myrat Annamämmedow: Men şeýle tekliplere ägälik bilen çemeleşýärin. Sebäbi döwlet simwollaryny tassyklamak uzak hem syýasy proses. Men Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylary Weli Muhadow tarapyndan döredilen ýurduň öňki gimnine mynasyp baha berer diýip, umyt edýärin. Şol ajaýyp sazyň öz öňki ornuna – türkmenlere we Türkmenistana gaýdyp geljegine ynanasym gelýär. Şonda ol daşarky dünýäde Türkmenistanyň mähek daşy bolardy.

Azatlyk Radiosy: Weli Muhadow näçeräk şägirt ýetişdirdi?

Myrat Annamämmedow: Onuň ençeme şägirdiniň bardygyny bilýärin. Onuň uly ogly Serdary baş şägirdi diýip atlandyrasym gelýär. Serdar Muhadow ýaş wagtynda jaz sazlary bilen gyzyklandy. Türkmen jaz sazy ýokdy. Ol dört sany simfoniýa döretdi, şolaryň üçüsini biz Orsýtde hem daşary ýurtlarda çaldyk. Serdar häzir Ankarada konserwatoriýada işleýär. Ýaşaýan şäheri Moskwa.

Azatlyk Radiosy: Weli aganyň başga-da çagalary barmy?

Myrat Annamämmedow: Onuň ortanjy ogly Batyr arhitektura boýunça talantly hudožnik. Ol köp ýyllap Aşgabat şäheriniň arhitekturasy boýunça baş hudožnik bolup işledi. Ol häzir erkin hudožnik, her wagt jaý gurluşygy boýunça aýry-aýry hususy işleri ýerine ýetirýär.

Azatlyk Radiosy: Myrat, siz bu günki gahrymanymyz bilen maşgala bolup gatnaşypsyňyz. Weli Muhadow barasynda ýene nämeler aýdarsyňyz.

Myrat Annamämmedow: Ol köp hem uzak işleýärdi, öz öýüne guwanýardy. Häzirki ölçegler bilen jaýy uly däldi. Kiçijik ýeri, gowy bagy bardy. Bägül köpdi, üzüm dalbary bardy. Onuň aşagydaky sekide oturyp çaý içerdik. Adygül daýza, men oňa Adygül Orazowna däl-de, daýza diýip ýüzlenýärdim. Olaryň agzybir maşgalasy şeýle ajaýyp dünýäde ýaşaýardy. Weli Muhadowyň ýaşan jaýynyň saklanyp galandygy üçin Aşgabat şäheriniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin. Soňy bilen şol jaý Weli Muhadowyň öý-muzeýi edilse, gowy bolardy. Batyr şol öýde ýaşaýar hem ony aýawly saklaýar.

Azatlyk Radiosy: Weli Muhadow nirede jaýlandy?

Myrat Annamämmedow: Men soňky gezek Aşgabatda bolanymda, Batyrdan Weli Muhadowyň guburyna zyýarata äkitmegini haýyş etdim. Bardyk. Allanyň önünde hemmeler deň. Şol pozisiýa bilen ylalaşýaryn. Weli Muhadow türkmen halkynyň, türkmen medeniýetiniň genisi. Gynansagam, onuň gubury şeýle bir horoşaja, düýpli bir ýadygärlik diýen ýaly zat ýok. Ýadygärlik diňe bir mazarda däl, şäherde-de ýok.

Meni aşa gamlandyran ýene bir ýagdaý – onuň ömürlik ýanýoldaşy Adygül daýza onuň ýanynda jaýlanmandyr. Ol Weli Muhadowyň guburyndan 50 metr daşlykda ýatyr. Döwrüň reallyklary, gynansagam, şeýle ýagdaýlara alyp geldi. Hem gonamçylykda hem şäherde genial kompozitora häkimiýetler mynasyp ýadygärlik oturdar diýip, umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Ýagşy niýet, ýarym döwlet.

Gyrgyzystanyň medeniýetde at gazanan işgäri, saz öwreniji, hormatly professor, gyrgyz halk we professional sazlary barada köp kitaplaryň awtory Balbaý Alaguşew Weli Muhadow barasynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna şeýle gürrüň berdi:

-- Weli Muhadow türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri. Ol öňki türkmen gimniniň awtory. Ol saz äleminde ýokarda durşy ýaly adamkärçilik babatda-da üýtgeşik gowy adamdy. Ynsanyň mertebesi näçe ýokary bolsa, döredýän sazlaram şonuň ýaly bolýan bolsa gerek. Şonuň üçin onuň sazlary şeýle ýokary pafosa eýe. Onuň döreden gimni türkmen kalby bilen milli koloritde ýazylan saz. Beýleki respublikalaryň gimni SSSR-iň gimniniň bazasynda döredilen. Özem köpüsi iki awtor tarapyndan ýazylan. Öňki türkmen gimnini Weli Muhadowyň bir özi döretdi. Şol gimni diňleýärsiň weli, türkmen däpleri, milliligi, watançylygy, tebigatynyň gözelligi göz öňünde janlanýar. Şol saza men şeýle düşünýärin, ol ýokary professional tarapyndan, türkmen milli sazlaryny, ors hem dünýä klassyk sazlaryny çuňňur özleşdiren, aşa talantly adam tarapyndan döredildi. Häzirki türkmen ýaşlary şol derejede gimn döredip bilermi ýa ýok, men ony aýdyp biljek däl. Weli Muhadowyň gimniniň sazy galdyrylyp, sözleri çalşyrylsa, ýerine düşerdi. Weli Muhadow ýaly beýik kompozitor bir asyrda bir gezek dünýä inip biler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG