Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: “Ýakyp-ýandyryp barýan yssy Türkmenistan üçin täzelik däl”


Ýerli graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow (ortada) Garadaşaýak obasynda, 8-nji iýul.

Ýerli graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow (ortada) Garadaşaýak obasynda, 8-nji iýul.

Abadan (öňki Büzmeýin) şäherinde 7-nji iýulda öýlän sagat dörtler töweregi dörän partlama hem ýangyn barasynda Türkmen Döwlet habarlar gullugy şeýle habary çap etdi: “Türkmenistanyň prezidentiniň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki nobatdan daşary maslahaty geçirildi. Onda Abadan şäheriniň eteginde pirotehika saklanýan ýörite skladda bolan ýangyn bilen bagly dörän adatdan daşary ýagdaýa seredildi. Ýangyn soňky günler dowam edýän adatdan daşary yssy sebäpli döredi”.

Ekspertiň garaýşy

Orsýetli garaşsyz harby ekspert Aleksandr Golts partlamanyň sebäbi barasynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna şeýle diýdi: “Hemme zat ok-däriniň saklanyşyna bagly. Ýörite gurlan ok-däri ammarlarynda belli bir derejede temperatura saklanýar. Şol ammar gurlanda, belli bir temperaturany saklamagyň göz öňünde tutulmandygyny aýtmak kyn. Sebäbi ýakyp-ýandyryp barýan yssy Türkmenistan üçin täzelik ýa garaşylmadyk zat däl. Ok-därini saklamagyň haýsydyr bir düzgünleri bozulandyr”.

Türkmenistanda hemme zat häkimiýetleriň berk kontrollygynda. Şeýle ýagdaýda Abadan şäherinde munuň ýaly waka nädip ýüze çykdy? Bu soraga Golts şeýle jogap berdi: “Praktikanyň görkezişi ýaly, hemme zada tutuşlygyna kontrollygy elde saklamaga synanyşyk edilse, iň möhüm zatlara gözegçilik sypdyrylýar. Şol gorhanany goraýan ofiserleriň keýpine kontrollyk edip bolar, olar öz nobatynda tehniki howpsuzlygy bilmeýärler. Awtoritar režimlerde ähli zady elde saklamaga çalyşýarlar, iň esasy, iň möhüm ugurlara gözegçlik ýok bolup çykýar”.

Adam pidalary

TDH-niň maglumatyndan sitata: “Adam pidalary, uly weýrançylyklar ýok. Ilata medisina we beýleki kömekler berilýär. Wakanyň bolaň ýerine ýakyn ýerde ýaşaýan adamlar howpsuz ýerlere göçürildi”.

Türkiýäniň “Cihan” habar agentligi bolsa Abadan şäherindäki öz çeşmelerine salgylanyp, ölenleriň 100 töweregi adamdygyny habar berýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy gören zatlary barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Ýaňy bir gelin geldi wokzala çagalary bilen, ýüzleri gan. “Adamym şäherde işleýärdi, şonuň yzyndan geldim” diýýär. “Eger ol meniň yzymdan giden bolsa erbet, aňram gaty erbet, 90-njy razýezdden aňryk geçirenoklar” diýýär. Oklar uçup gelip degýändir-dä, ýüz-gözi gan şol aýalyň. Miliseler ýanyna eltenok”.

TDH gullugynyň habaryndan sitata: “Prezident Berdimuhamedow harby hem kanun goraýjy organlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňläp, ähli zerur çäreleri görmäge, şeýle-de ýarylmadyk partlaýjy serişdeleriň gözlegini dowam etdirmegi görkezme berdi”.

Soňky maglumatlara görä, partlama we ýangyn heläkçiligini başdan geçiren Abadan şäherinde ýagdaý kadalaşýar, adamlar ýuwaş-ýuwaşdan öýlerine dolanmaga başladylar. Şähere barýan ähli ýollar açyldy.
XS
SM
MD
LG