Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat türk kompaniýalaryna bergilidigini ret edýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türk kompaniýalarynyň bir toparynyň Türkmenistanda eden işleri üçin hakyny alyp bilmeýändigi barada daşary ýurt metbugatynda çykan habarlaryň hakykata laýyk gelmeýändigini aýdyp, metbugat üçin beýanat ýaýratdy.

“Türkmen tarapy şu mesele bilen baglylykda häzirki wagtda Türkmenistanda 600-den gowrak türk kompaniýasynyň işleýändigini we olaryň 20 milliarddan gowrak amerikan dollaryna durýan işi amala aşyrýandygyny belleýär” diýip, beýanatda aýdylýar.

Geçen hepde “Assoşeýted press” agentligi türk kompaniýalarynyň Türkmenistany bir millard dollardan gowrak tölenmedik iş haky üçin suda berjekdiklerini habar beripdi. 20 töweregi türk kompaniýasynyň metbugat wekili Irfan Dölegiň sözüne görä, bergiler boýunça Türkmenistan bilen geçirilýän gepleşikler petige diräpdir.

Ýakynda Türkiýäniň “Hürriýet” gazeti hem Türkmenistanda işleýän türk firmalarynyň bir bölegine tamamlan proýektleri üçin 1 milliard dollar töwereginde iş hakynyň tölenmeýändigini ýazypdy.

17-nji iýulda Türkiýäniň “Today’s Zaman” gazeti halkara energiýa läheňleriniň Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz ýataklarynda iş alyp barmaga ýykgyn edýändiklerini belläp, “orta gürpdäki inwestorlaryň başdan geçirýän kynçylyklarynyň bu ýurtda maýa goýmagyň howpuny açyk-aýdyň görkezendigini” ýazdy.


Wideo: Azatlyk Radiosynyň öz çeşmelerinden gelip gowşan bu kadrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt Aşgabada we onuň töwereklerine degişli gurluşyk proýektleri bilen tanyşýar.

Türkmenistanda iş alyp baran türk gurluşyk firmalarynyň üçüsi: “Içkale Inşaat”, “Kylyç Inşaat” we “Adem Dogan” kompaniýalary Türkmenistanyň üstünden şikaýat edip, sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkezine ýüz tutupdylar.

“Kylyç Inşaat” firmasynyň ýolbaşçylaryndan Mahmut Kylyjyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol 2005-nji ýylda Türkmenistana baryp, gysga wagtyň içinde ençeme gurluşyk proýektlerini, şol sanda Maryda ýerleşýän we öňki prezidentiň adyny göterýän metjidiň gurluşygyny tamamlapdyr.

Kylyç: “Biziň bitiren işlerimiziň puluny tölemediler. Bu ýagdaýa garşy çykanym üçin Türkmenistandan daşary çykmagym gadagan edildi. Ýoluny tapyp, ýurtdan çykanymdan soň, Türkmenistany suda berdim. Sudda sudýalara gerekli tabşyryklar berildi. Meniň Türkmenistandan 275 million dollar töweregi algym bar” diýýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynyň birinde çykyş edip, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň bitiren işleri üçin tölegiň öz wagtynda hem yzygiderli edilip gelnendigini aýdypdy.

Maý aýynyň ahyrynda türk prezidenti Abdullah Gül Türkmenistana sapar edip, Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi. Köp synçylar türk prezidentiniň eden gyssagly saparyna türkiýeli kompaniýalaryň Türkmenistandan almaly algylary bilen baglanyşykly meseleleriň sebäp bolandygyny öňe sürüpdiler.


Wideo: Azatlyk Radiosynyň öz çeşmelerinden gelip gowşan bu kadrda "Polimeks" türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy öz şirketiniň Aşgabada degişli gurluşyk proýektleri bilen tanyşdyrýar.

Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda gurluşyk işlerini alyp baran turkiýeli biznesmen adyny tutmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Türkmenistan döwleti bilen uly biznes alyp barmak gaty howply, sebäbi proýekt ýerine ýetirilende, belli bir standart ýa-da düzgün ýok. Hökman işleşýän ministrligiň göwnüni tapmaly bolýar, ýogsa-da proýekt boýunça tölegleri gijikdirýärler ýa-da saklaýarlar. Olaryň göwnüni tapmak bolsa elmydama başartmaýar”.

Biznesmeniň pikiriçe, häzir Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýan türk kompaniýalary, şol sanda “Polimeks” ýaly berk ornaşan firmalar-da, şeýle kynçylyklar bilen geljekde ýüzbe-ýüz bolup bilerler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda şeýle diýilýär: “Türkmen tarapy ýüze çykýan soraglaryň mydama-da konstruktiw hem gepleşikleriň üsti bilen çözülmegine ýykgyn edýär. Bu iki tarapyň birek-birege sylanyşyk we adalatly talaplaryň esasynda, şertnamalaryň ähli talaplarynyň milli we halkara standartlarynyň göz öňünde tutulyp berjaý edilmegine daýanýar”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG