Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad: “Protestçilere däl, terrorçylara garşy göreşýäris”


Halkara jemgyýetçiliginiň Siriýa basyşyny artdyrýandygyna garamazdan, ýurduň gündogaryndaky birnäçe şäherlerde harbylar protestleri basyp ýatyrmak boýunça operasiýalaryny dowam etdirýärler.

Ýerli hukuk goraýjy aktiwistleriň we ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, hökümet goşunlary Deýr-ez-Zor şäheriniň gözegçiligini öz ellerine alypdyrlar.

Harby goşunlaryň Türkiýe bilen serhetdeş Taftanaz we Sermin şäherlerine hem hüjüme taýýarlyk görýändikleri aýdylýar.

Bu zorluklarda näçe adamyň heläk bolandygy barada anyk maglumat berilmeýär, emma onlarça adamyň zorlugyň pidasy bolandygy çak edilýär.

9-nji awgustda Siriýa baran Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gepleşik geçirdi. Emma ol Siriýanyň ýolbaşçylaryny parahat protestçilere garşy repressiw çäreleri ulanmaklygy bes etmeklige yryp bilmedi.

Bu duşuşykda Başar al-Assad hökümet goşunlarynyň parahat protestçilere garşy däl-de, “ýaraglanan terrorçy toparlara” garşy göreşýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG