Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB “Transhazar” boýunça rol oýnap biljekdigini aýdýar


Ýewropa Komissiýasy ÝB ýurtlarynyň üçünji döwletler bilen energiýa ylalaşyklaryna gözegçilik etmäge ukybynyň bolmalydygyny aýdýar. Bu baradaky pikir çarşenbe güni Brýusselde geçirilen maslahatyň dowamynda öňe sürüldi.

Ýewropa Bileleşginiň energiýa komissary Günter Öttinger çykyş edip, şeýle diýdi: “Bir maksat we bir ses bilen düýbünden başga derejä eýe bolarys. Munuň netijesinde beýleki taraplar “agzyny alart-da höküm sür” oýnuny oýnap bilmez”.

Şeýle-de ol Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky “Transhazar” gaz geçiriji proýekti boýunça ylalaşyga gelmekde ÝB-niň rol oýnap biljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG