Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

11-nji sentýabr, on ýyldan soň


Bütindünýä söwda merkeziniň ekiz diňleri ýanýar, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabry.
Bütindünýä söwda merkeziniň ekiz diňleri ýanýar, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabry.

11-nji sentýabryň öňüsyrasynda kiçi awiasiýanyň ulanylmagy bilen bolaýmagy ähtimal terrorçylykly çozuşlar Birleşen Ştatlarda öňünden habardar edilýär we howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.


Birleşen Ştatlara görlüp-eşidilmedik terrorçylykly hüjümiň on ýyllygynyň öň ýanynda ýurduň häkimiýetleri kiçi awiasiýanyň ulanylmagy bilen bolaýmagy mümkin çozuşlar barada öňünden habardar edýärler we howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýärler.

Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosy we Içerki howpsuzlyk ministrligi ötüp giden dynç günleri çaklaňja uçarlaryň ulanylmagy bilen bolaýmagy ähtimal terrorçylykly hüjümler barada habar ýaýratdylar. Bütindünýä söwda merkeziniň ekiz diňlerine we Pentagonyň binasyna edilen hüjümleriň ýyl dönüminiň birnäçe gün öňinçäsi Amerikanyň häkimiýetleri awiasiýa ulanmak arkaly göz öňünde tutulýan gutulgysyz hüjümler barada anyk ýa-da ygtybarly habarlaryň, razwedka maglumatlarynyň ýokdugy barada habar berýärler. Şonda-da olar duýduryş çäreleri hökmünde tutuş ýurtda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler.

Hukuk goraýjy organlaryň soňky maglumatlaryna laýyklykda şu ýyl “Al-Kaýdanyň” agzalary täze teraktlar üçin içine partlaýjy goýlan hususy uçarlary ulanmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Terrorçylar okuw awiasiýasynyň serişdelerini satyn almaga, aýratynam gabarasy kiçi uçarlary satyn almaga, şonuň ýaly-da Günbatar ýurtlaryndan özlerine duýgudaş adamlary ýygnamaga we olara uçar sürmegi öwretmäge ýörite üns beripdirler.

Hukuk goraýjy organlarynyň gürrüňi edilýän maglumatlarynda häzir awiatransportdaky howpsuzlyk çäreleriniň düzgüni mundan on ýyl ozalkysyndan has berk. Emma “Al-Kaýda” uçarlary ulanmak arkaly hüjümleri gurnamaga ýöriteläp üns bermegini dowam edýär.

Gädik ýerler

Geçen hepdede Birleşen Ştatlaryň terrorçylykly hüjümler boýunça milli komissiýasy (ol “11-nji sentýabr komissiýasy” diýlibem atlandyrylýar) doklad çap etdi. Onda häzir ýurduň 2001-nji ýylyň 11-ji sentýabrynyň öňüsyrasyndaky ýagdaýy bilen deňeşdireniňde has howpsuz ýagdaýdadygy aýdylýar. Şonuň bilen birlikde, komissiýanyň 2004-nji ýylda ýurdy geljekki terrorçylykly hüjümden goramak boýunça teklip eden 41 sany görkezmesinden dokuzysy ýerine ýetirilmeýär. Bu bolsa içerki howpsuzlyk sistemasynda gädik ýerleriň bardygyndan habar berýär. Şolaryň arasynda henize çenli ornaşdyrylman gelinýänleri - ýangyn söndürijileriň, polisiýa işgärleriniň, halas edijileriň we medikleriň arasyndaky umumymilli giň zolaklaýyn gyssagly aragatnaşygy; umumymilli birmeňzeş dogluş hakyndaky şahadatnamalary we maşyn sürmäge hukuk berýän şahadatnamalary döretmegiň şowsuz synanyşygy; şonuň ýaly-da, awiaýolagçylaryň endamyndaky partlaýjy maddalary äşgär edip bilýän ygtybarly sistemanyň ýoklugy.

Soňky problemany “11-nji sentýabr komissiýasynyň” ozalky baştutany, ozalky kongresçi Li Gamilton şeýle kommentirleýär: “Bu problema 11-nji sentýabrdaky garakçylykly hüjümlerden ozalam bardy. Biz munuň çözgüdi üçin köp pul goýduk. Hususy firmalar adamyň endamynda, içinde ýygşyrylan partlaýjyny tapyp bilýän pellehana ýetmek üçin tutanýerlilik bilen çytraşýardylar. Şeýle-de bolsa biz galan köp zatlary tapmagy öwrendik. Eger-de şu pellehana ýetip bilmesek, howp-hatar saklanyp galar, özem şol howp-hatar ýöne-möne däldir. Sebäbi terrorçylar biziň gowşak taraplarymyzy kesgitlemäge gaty ökde”.

Li Gamilton henize çenli halas ediji gulluklar üçin bitewi aragatnaşyk sistemasynyň ýoklugynyň esasy sebäpleriniň birini bölünip berlen radioçastota spektriniň bahasynyň örän ýokarydygy bilen düşündirýär: “Her sapar şu spektriň böleginiň ätiýaçda saklanmagy barada gürrüň gidende — bu zatlaryň aňyrsynda ummasyz puluň ýatandygyny ýatdan çykarmaly däl — diýip, ol PBS jemgyýetçilik telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy. —Biziň komissiýamyz spektriň bu bölegini döwletde wezipede oturan kişileriň ygtyýaryna geçirmegi maslahat berýär. Ýöne olaryň köpüsi muňa özleriniň eýeçilik hukuklaryna ýa-da beýleki hukuklaryna kast etmek hökmünde garaýar. Häzirki wagtda şu babatdaky çekişmeler spektr çastotalarynyň bölegini gös-göni adatdan daşary hereket edýän gulluklara (“11-nji sentýabr” komissiýasy şuňa aýak direýär) bermelimi ýa-da meseläni gutarnykly çözmek üçin ony hususy sektoryň ygtyýaryna bermelimi diýen meselä syrygýar. Şu wariantlary häzir Kongres seljerýär”.

Diňe Al-Kaýda däl

Prezident Obamany goşmak bilen birlikde, Amerikanyň resmileri soňky döwürde ýeke çykan terrorçylaryň edip biläýjek hereketlerine alada bildirýärler. Olar terrorçy guramalara, hiç hili dil düwşüjilere goşulmaýar, ýöne radikal ideologiýanyň tarapdarlarydyr. Razwedka boýunça ekspertler şunuň ýaly “ýeke gezýän möjegi” - çaklaňja uçara ýol tapmaga ymtylýan kişini seljermegiň aýratyn kyndygyny aýdýarlar.

Şu günki gün terrorçylygyň diňe “Al-Kaýdadan” gaýtmaýandygyny bilmegimiz iňňän möhümdir. Muny geçen ýekşenbe güni Senatyň içerki howpsuzlyk we hökümet aragatnaşyklary boýunça komitetiniň baştutany Jozef Liberman CNN telekanalynda nygtap geçdi: “Biz belli bir derejede “Al-Kaýdanyň” setini gowşatdyk. Şu ýyllaryň içinde onuň söweşijileri özleriniň iri maksatlarynyň hiç birine ýetip bilmediler. Bin Laden ýok edildi. Ýöne terrorçylykly uruşda bize garşy durýan duşmanyň anyk bir topar däldigine düşünmegimiz iňňän möhümdir. Gep gazaply sütem ideologiýasynda. Men oňa yslam ekstremizmi diýýärin, ýöne ol yslamdan däl-de, dini ýoýýan çaklaňja topardan gaýdýar. Bu ekstremizm köp sanly dürli atlar bilen, köp sanly dürli ýerlerde, kä wagtlar özümizde, Birleşen Ştatlarda “ýeke gezer möjekleriň” derisinde başlaryny galdyrýarlar. Gynansak-da, hut şonuň üçinem bu “adaty bolmadyk” uruş entek belli bir döwre çenli dowam eder”.

Amerikanyň hukuk goraýjy organlarynyň habarlarynda “ýeke gezer möjekler” tarapyndan çaklaňja uçarlaryň alnyp gaçylyşynyň birnäçe mysaly getirilýär. Ynha, 2002-nji ýylda 15 ýaşly Çarlz Bişop tarapyndan sürlen “Sessna” uçary Florida ştatynyň Tampa şäherindäki “Bank of America” korporasiýasynyň bölüminiň binasyna süsňedi. Ýetginjegiň goýup giden hatynda onuň “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeni goldaýandygy, hüjümiň bilkastlaýyn edilen işdigi aýdylýar. Ýöne derňew ýetginjegiň terrorçylykly guramalar bilen hiç hili baglanyşygyny tapyp bilmedi.

Allan Dawydow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG