Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bilen Lukaşenkonyň arasynda telefon gürrüňdeşligi boldy


Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy. Duşenbe güni bolan gürrüňdeşlikde Aleksandr Lukaşenko özüniň türkmen kärdeşini ýetip gelýän Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy baýramçylygy bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.

Belarusyň prezidentiniň metbugat gullugynyň ýaýradan beýanatyna görä, prezidentler özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini hem maslahat edipdirler.

Lukaşenko Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli inwestisiýa proýektlerine Belarus tarapyny çekmek boýunça Berdimuhamedowyň berýän şahsy ünsüne hem özüniň minnetdarlygyny bildiripdir.
XS
SM
MD
LG