Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran BBC bilen gatnaşykly kinoçyny azat edýär


Tähran BBC-niň pars dilindäki programmasy bilen iltewli eýranly kinoçyny azatlyga çykardy.

Oppozisiýa websaýtlary Mojtaba Mirtahmasebiň ýekşenbe güni Tähranyň demirgazygyndaky Ewin türmesinden boşadylandygyny aýtdylar.

Ol sentbýarda BBC-ä eýran ýolbaşçylaryny tankytlaýan dokumental filmi iberenligi üçin tussag edilipdi.

Kinoçynyň azat edilenini ISNA habar gullugy hem tassyk etdi.

BBC-niň pars dilindäki gullugy Eýranda gadagan, emma eýranlylar bu programma emeli hemra arkaly tomaşa edip bilýärler.
XS
SM
MD
LG