Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Neýtralnyý Turkmenistan” iňlis dilinde-de çykyp başlar


Duşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetini iňlis dilinde çap etmek barada ýörite permana gol çekdi.

Bu permana laýyklykda, bu gazet 2012-nji ýylyň ýanwaryndan başlap iňlis dilinde çap edilip başlanar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu çäräniň sebäbini “giň ilat köpçüliginiň ýokary hilli döwürleýin neşirlere bolan islegini kanagatlandyrmak hem-de dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak” maksady bilen baglanyşdyrýar.
XS
SM
MD
LG