Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan gözegçileri çagyrdymy ýa çagyrmady?


Katrin Fitzpatrik: “Türkmen resmileriniň ÝHHG-niň saýlawlara gözegçilik edýän dürli derejedäki toparlarynyň bardygyna düşünmän, olaryň arasyndaky tapawudy bilmeýän bolmaklary mümkin”.
Katrin Fitzpatrik: “Türkmen resmileriniň ÝHHG-niň saýlawlara gözegçilik edýän dürli derejedäki toparlarynyň bardygyna düşünmän, olaryň arasyndaky tapawudy bilmeýän bolmaklary mümkin”.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin maslahatynda eden çykyşynda prezidentlik saýlawlaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan we abraýly guramalardan synçylaryň-da çagyrylandygyny aýtdy. Berdimuhamedowyň sözlerine görä, olaryň arasynda BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň wekilleri-de bolar.

Emma Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we Adam hukuklary baradaky edarasy Türkmenistandaky saýlawlara gözegçilik edilmegi üçin türkmen tarapyndan özlerine çakylygyň gelmänligini aýdýar. Bu gurama diňe saýlawlaryň guramaçylyk işlerine hemaýat bermek üçin özüniň sanlyja ekspertini ugratjakdygyny mälim etdi.

Eýsem, prezidentiň çykyşy bilen ÝHHG-niň beýanatynyň arasyndaky çaprazlyk nämäni aňladýar? Azatlyk Radiosy şu mesele barada “Eurasianet” websaýtynda giňişleýin makala bilen çykyş eden žurnalist Katrin Fitzpatrik bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Katrin, siz öz makalaňyzda türkmen prezideniniň çykyşy bilen ÝHHG-niň beýanatynyň arasyndaky aratapawutlara ünsi çekipsiňiz. Siz bu barada näme diýmek islediňiz?

Katrin Fitzpatrik: Türkmen resmileriniň ÝHHG-niň ugratjak toparlarynyň arasyndaky aratapuwuda düşünmän, şeýle çykyş eden bolmagy mümkin. Belki-de, bu ýörite edilendir. Aslynda, Türkmenistan bular ýaly zada baş goşýan ýeke-täk döwlet däl.

Umuman aýdylanda, ÝHHG-niň saýlawlara gözegçilik ýa-da syn edýän dürli derejedäki toparlary bar. Synçylar topary az sanly ekspertler bolup, olar saýlawlaryň barşyna gözegçilik etmeýär. Synçylar topary diňe saýlawlaryň geçiriliş şertlerine baha berýär. Gözegçi topar bolsa, saýlawlardan ençeme aý öň gelip, ýurtdaky ýagdaýlary içgin öwrenip başlaýar. Topar esasan metbugat azatlygynyň ýagdaýy, partiýalaryň hasaba alynmagy ýaly meseleleri öwrenýär.

Eger saýlawlara gözegçi topar ugradylsa, Orsýetde ýa-da Ukrainada bolşy ýaly, ýüzlerçe adam saýlaw bölümlerine aýlanyp, ol ýerdäki ýagdaýlary içgin öwrenýär. Muny amala aşyrmagy üçin bolsa, topara mümkinçilikler döredilýär.

Çäkli, birnäçe ekspertden ybarat topar barada aýdylanda, ol topara girýänler belli bir hasabat taýýarlamak üçin ýagdaýlara ýüzleý syn edýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidentiniň çykyşy barada anyk näme aýdyp bilersiňiz?

Katrin Fitzpatrik: Men bu hakda öz makalamda-da ýazdym. Bu meseläniň iki tarapynyň bolmagy mümkin. Birinjiden, türkmen resmileriniň ÝHHG-niň saýlawlara gözegçilik edýän dürli derejedäki toparlarynyň bardygyna düşünmän, olaryň arasyndaky tapawudy bilmeýän bolmaklary mümkin. Aslynda, ÝHHG-niň saýlawlara syn edýän toparlarynyň arasyndaky tapawudy saýgarmak adaty adamlara onçakly bir aňsadam däl.

Ýöne, ikinji tarapadan, meniň pikirimçe, türkmen prezidentiniň bilgişleýin bu missiýalaryň arasyndaky tapawudy nädogry beýan edýän bolmagy mümkin. Belki-de, ÝHHG-niň doly gözegçilik missiýasyny ugratman, çäklije hemaýat toparyny ugradýandygy baradaky maglumatyna onuň çynlakaý bir üns beresem gelýän däldir. Ol şular ýaly propagandanyň üsti bilen, belki, ýurtda hakyky demokratik saýlawlaryň geçirilýändigini görkezjek bolýandyr. Aslynda bolsa, beýle zat ýok.

Ýöne soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda BMG-niň, ÝHHG-niň we başga-da ençeme halkara guramalarynyň başda durmagynda saýlawlaryň geçirilişi bilen bagly köpsanly okuw-türgenleşikleri, seminarlarydyr maslahatlary geçirildi. Bularyň netijesinde häzir türkmen resmileri saýlawlara gözegçilik etjek missiýalaryň arasyndaky tapawudy bilýän bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň özüňiz Türkmenistandaky bu saýlawlardan nämelere garaşýarsyňyz?

Katrin Fitzpatrik: Meniň pikirimçe, bular ýaly ýagdaýlarda, adatça bolşy ýaly, gapma-garşylykly metbugat beýanatlary peýda bolar, ýagny, Azerbaýjanda ýa-da Özbegistanda bolşy ýaly. Şol ýurtlara-da gözegçilik toparlary ugradylmandy.

Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara GDA-dan wekiller gatnaşar. GDA bolsa, saýlawlara syn etmän, eýsem gözegçilik etjekdigini eýýämden mälim etdi. Saýlawlaryň netijesine GDA-nyň wekilleri ähli zat “gowy geçdi” diýip hasabat ýaýradarlar. Bu ýagdaýlary biz öňem görüpdik.
XS
SM
MD
LG