Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Siriýanyň režimine ýarag satmagyny bes etmejekdigini aýdýar


Penşenbe güni Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow Siriýanyň režimine Moskwanyň ýarag satmagyny bes etmejekdigini aýtdy.

Siriýa häzirki wagt Orsýetiň ýarag satýan iň uly söwda partnýorlaryndan biri hasaplanylýar. Günbatar ýurtlary Siriýadaky parahat protestçilere garşy ýarag ulanyp gelýän bu ýurduň režimi bilen ýarag söwdasynyň bes edilmegine çagyryş edip gelýärler.

Şu hepde Siriýanyň režimine garşy çäre görmekligi göz öňünde tutýan täze rezolýusiýanyň taslamasyny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Orsýet goldamady. Orsýet Siriýadaky gyrgynçylyklar bilen bagly meseläniň henizem gepleşikler arkaly çözülmegine aýak direýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu meseläni şu hepdäniň ahyrynda howpsuzlyk meselesi boýunça Mýunhende geçiriljek konferensiýanyň çäklerinde Orsýetiň daşary işler ministri bilen ara alyp maslahatlaşjakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG