Sepleriň elýeterliligi

Rap aýdymlary gitdigiçe meşhurlyk gazanýar


Aýdym-sazyň rap stili, Günbatar ýurtlarynda bolşy ýaly, soňky döwürlerde Türkmenistanda hem barha ýaýrap barýar.

Aýdym-sazyň rap stili, Günbatar ýurtlarynda bolşy ýaly, soňky döwürlerde Türkmenistanda hem barha ýaýrap barýar.

Soňky döwürlerde Türkmenabadyň “Jeýhun” studiýasynyň öňi köp adamly, oňa barýanlar ýurtda barha artyp barýan hip-hop ýa-da rap stilindäki aýdym-saz bilen meşgullanýan aýdymçylar.

Aýdym-sazyň bu stili, Günbatar ýurtlarynda bolşy ýaly, soňky döwürlerde Türkmenistanda hem barha ýaýrap barýar, yurtda “Zumer Ças”, “Iska”, “Syke” ýaly ençeme rap toparlary hereket edýärler.

Bu stilde aýdylan aýdym-sazlaryň hökümet ýolbaşçylarynyň göwnünden turýanlygyny aýtmak kyn. Sebäbi telekanallaryň ählisiniň hökümet tarapyndan kontrollyk edilýän Türkmenistanda bu stilde aýdylan aýdymlar mawy ekranda asla görkezilmeýär. Emma, muňa garamazdan, rap hem hip-hop aýdymlary türkmen ýaşlarynyň arasynda gün saýyn ornaşyp barýar. Olar bu aýdymlary mobil telefonlary arkaly biri-biri bilen paýlaşýarlar.

Türkmen telekanallarynda görkezilmänsoň, öz aýdymlaryny “Youtube” saýtynda ýerleşdirip başlan türkmen rapçylarynyň muşdaklary, Türkmenistanda internet çäkli bolsa-da, az däl. Meselem özüni “Syke” diýip atlandyrýan toparyň 2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-nda “Youtube” saýtynda ýerleşdirilen “Çyra” atly aýdymy geçen dört aýyň dowamynda 24,000 gezek diňlenipdir

Iňlis hem türkmen dillerinde aýdym aýdýan “Zumer” atly beýleki rap toparynyň “Youtube” saytynda ýerleşdirilen “I am Ok, ýa men Ok” diýen klibine hem 17,000 gezek tomaşa edilipdir.

Sebäp näme?

Eýse, şeýle kynçylyklara we çäklendirmelere garamazdan, ýurtda aýdym-sazyň bu stiliniň barha ýaýrap barmagynyň sebäbi näme? Bu soraga ýaşlara degişli meseleler bilen içgin gyzyklanýan germaniýaly žurnalist Taher Şirmuhamedi şeýle jogap berdi:

—Türkmenistanda rapyň giň ýaýramagynyň bir sebäbi rap resmi telewideniýede berilýän aýdym-sazlara alternatiw hökmünde görülýär. Sebäbi telewideniýede efire berilmeýän rap aýdymlarynda soňky döwürlerde hasam ýaşlaryň kynçylyklary, durmuşy, seýle-de olaryň geljegi barada aýdym aýdyp başladylar. Mysal üçin, olaryň käbirleri türkmen-türk mekdeplerinde okaýyşlary barada aýdýarlar.

Türkmen telewideniýesinde görkezilmeýän meshur turkmenistanly rapçylardan biri hem Marodyr. Maro, ýagny Maksat Kakabaýew, 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda näbelli sebäplere görä, başda wagtlaýyn, soňra masgala dawasy diýlen sebäplere göra, iki yyl azatlykdan mahrum edilipdi. Hökümet wekilleri bu meselede jikme-jik maglumat bermeýärler, emma “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň maglumatyna görä, “olaryň tussag edilmeginiň sebäbi meşgullanýan käri bilen bagly bolup biler”.

Kimler halaýar, kimler halanok

Aýdym-sazyň bu görnüşiniň ýurtda gitdigiçe ýaýramagyna hökümet ýolbaşçylary bilen bir hatarda oňaýsyz garaýan intelligensiýa wekilleri hem bar. Olardan biri hem Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat:

—Rap äheňinde aýdylýan dik-durma aýdymlar türkmen sungatynyň böwründe dörän agyr bir kesel bolaýmasyn. Özüm-ä, dogrusy, dutar bilen gyjagy bir gyra süýşürmekligi bagtly ýaşap oturan maşgalany aýrylyşdyrmak bilen barabar bir jenaýat hasaplaýaryn.

Rap aýdymçylarynyň kyncylyklary diňe bir hökümet eýeçiligindäki telekanallarda olara garşy dowam etdirilýän senzura, hökümet we käbir intelligensiýa wekilleriniň oňlamazlygy bilen çäklenmän, bu sungat ykdysady taýdan hem basyş astynda. Türkmenabatdaky käbir audio-wizual önümleri satýan dükan eýeleriniň aýtmagyna görä, “olara rap aýdymly diskleri satmaga rugsat edilmeýär”.

Emma beýle çäklendirmeler türkmen rapçylarynyň sussuny basyp bilmejege meňzeýär. Muňa her gün diýen ýaly artyp barýan, hatda ýaşaýyş jaýlarynda diňe bir kompýuter we mikrofondan ybarat çäkli serişdeler bilen iş alyp barýan studiýalaryň sanynyň artyp barýanlygy hem şaýatlyk edýär.

Žurnalist Taher Şirmuhamediniň aýtmagyna görä, söz we metbugat azatlygy çäkli bolup galýan Türkmenistanda we Merkezi Aziýada halky öz pikirini beýän etmegiň bu usulyndan saklamak aňsat düşmez.

Türkmenistanda öňi alynmaga synanyşylýarka, türkmen rapçylary diňe bir ýurduň içerki meseleleri bilen çäklenmän, Palestina ýaly halkara problemalar hakda hem öz pikirlerini rap aýdymyna geçirýärler.

Umyt Jumaýew Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG