Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatly zenan: 'Nyýazow etrap häkimligi arzymy diňlemeýär'


Aşgabatly zenan öz şikaýatyny Nyýazow etrap häkimliginiň işgärleriniň diňlemeýändigini aýdýar.

Aşgabatly zenan öz şikaýatyny Nyýazow etrap häkimliginiň işgärleriniň diňlemeýändigini aýdýar.

Aşgabatda ýaşaýan 26 ýaşly zenan Arzuw ýakynda Azatlyk Radiosyna jaň edip, ýerli häkimiýetler bilen öz arasynda bolan waka barada gürrüň berdi.

Ol zenan öz ýaşaýan jaýlarynyň birinji gatynda bikanun jaýlary gurýandyklaryny, ol ýerde bidüzgünçilikleriň bolýandygyny, emma öz şikaýatyny häkimiýetleriň diňlemeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Arzuw, Azatlyk Radiosyna jaň etmäge sizi nähili meseleler, nähili ýagdaý mejbur etdi?

Arzuw: Aşgabat şäher häkimligine bardym, onuň agzynda goýmadylar meni. Hat ýazmamyň, arza ýazmamyň, şeýdip jan etmämiň sebäbi doňaklyk bolup, turbalarymyzyň doňanlygy sebäpli, suwumyzyň bolmanlygy sebäpli, goňşularymyzdan bir hepde suw daşanymyza öý uprawleniýesi üns berenok. Häkimlikler üns berenoklar. Häkimlige ýazan arzaň baranok, barsaňam: “Seni suda bereris, seni häzir organ işgärlerine basdyrarys, bu işler bilen işiň bolmagyna nä hakyň bar? Bu biziň hakymyz. Sen ýaş, ýaňy bir 26 ýaşapsyň, şu taýdan git, gitmeseň, organ işgärlerini çagyryp, basdyraryn” diýip, meniň hukugymy peseldendigi üçin, arza-şikaýatymy diňlemäni üçin ýüz tutdum-da, Azatlyk Radiosyna aýdaýyn şu meseläni diýip.

Azatlyk Radiosy: Siziň häkimlige baryp aýtjak zadyňyz nämelerden, haýsy meselelerden ybaratdy?

Arzuw: Biziň özümiz etaž jaýlarda ýaşaýarys. Öňümizde, birinji gatynda bikanun jaýlary gurýarlar. Onuň içinde-de ýaşanoklar. Soň turbalary başga ýerden suw açyp, köçelere suw akdyrýarlar. Hapaçylyk. Öý uprawleniýesi seredenok. Birinjilik bilen häkimlige baryp aýtjak meseläm, prezidentiň aýal dogany Gülnabat Mälikgulyýewna şol ýerde işläp, başda işe baranda şol gelin bikanun zatlara, arz-şikaýatlara seredýän bolup işläpdir. Soň ony ol düzgünden aýyrdylar-da, diňe bakjalara, mekdeplere seredýän işlere goýdular. Kim şol gapa barsa, Gülnabat Mälikgulyýewna diňleýär diýip, maňa aýtdylar. “Baryp arzyňy düşündirseň, diňleýär şol” diýdiler.

Men Gülnabat Mälikgulyýewnany görmek isleýärin diýip, sakçydan sorap durkam, aňyrdan kömekçisi bir aýal geldi-de: “Gülnabadyň adyny tutduňyz. Men şonuň kömekçisi” diýip, üstüme gygyryp başlady. “Sen nämä adyny tutýarsyň, sen häkimlige nämä geldiň, nämä üstümize topulýarsyň” diýip, töhmet atyp ugradylar. Men bärik ýuwaşlyk bilen geldim, size arz-şikaýatymy düşündirýän diýsem: “Aý, ýör sen, aýallar guramasyna girersiň häzir, şol taýda düşündirersiň” diýip, meni bir gapa saldy: “Gir, gir, girmeseň, organ işgärlerini çagyraryn” diýip, diňe şol – gepiniň biri – organ işgärleri boldy. Menem girdim: “Siziň adyňyzy, familiýaňyzy bilmek mümkinmi?” diýsem: “Saňa biz aýtmana ne wažno, adymyzy, familiýamyzy berer ýaly sen kim?” diýip, ýüzlendiler maňa. Men aýtdym olara: “Türkmenistanyň raýaty. Arz-şikaýatymy düşündirmäge geldim” diýdim.

“Bu düzgünler bize bagly. Sen biziň syrymyzy Mälikgulyýewna düşündirmäge geler ýaly sen kim?” diýip, gorkuzyp, agladyp başladylar. “Häzir saňa polisiýa çagyrýararys, on gije-gündiz basarys” diýdiler, menem: “Ol nähili kanun? Häzir meni idäp ugrarlar öýümdäkiler. Indäp ugrarlar, eýläk-beýläk habar ederler. Basyp-bogar ýaly siz kim? Siz näme kanuna garşy gidýärsiňiz?” diýsem, “Kanuny sen öwren. Pul çykaryp, turba guraýarlar” diýip, gülüp ugradylar iki aýal bolup üstümden.

Azatlyk Radiosy: Bikanun gurluşyklar gidýär diýdiňiz, ençeme problemalaryň gürrüňini etdiňiz. Şol problemalaryň düýp sebäbi nämede, kim oňa jogapkär siziň pikiriňizçe?

Arzuw: 5-nji öý uprawleniýesi seredenok. Bidüzgünçilik 5-nji jaý uprawleniýesinde gidýär. Çilim çekýärler, arak içýärler. Moral taýdan bozuk işlerem gidýär. Şonuň üstüne hiç kim aýlanyp bilenok. Sebäbini aýdanymyzda, Gülnabat Mälikgulyýewna, prezident etrap diýilýär häzir, şonda işleýänligi sebäpli Nyýazow prezident etrabyna hiç kim degip bilmeýär, şonuň arkasyndan gürleýärler. Gülnabat Mälikgulyýewna entek eşidenok, oňa baranogam, ondan bärdäkiler hemme işi bitirip otyrlar.

Azatlyk Radiosy: Ýaşaýan jaýyňyz bilen baglanyşykly ýene nähili meseleler bar, köp gatly jaýyň öňünde bir gatly jaý guruldy diýdiňiz. Kim gurýar ony?

Arzuw: 5-nji öý uprawleniýesi S.Nyýazow etraby bilen ikisi dil birikdirip, bikanun banýalary gurýarlar, bikanun kommersiýa dükançalary açylýar, şolaryň öňünde arak içýärler, çilim çekýärler gijelerine. Uruş gidýär şol gapdallarda. Men arza ýazyp, şu zatlardan habarly etmek islänim üçin organ işgärlerine basdyrjakdyklaryny aýtdylar. Men olardan ötünç soradym, “gaýdyp siziň ýanyňyzda görünmerin” diýdim. Şonuň üçinem Azatlyk Radiosyna jaň edip, arzymy-şikaýatymy size aýtmak isledim.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG