Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewraziýa bileleşigini döretmek barada maslahat edildi


Ýewraziýa hyzmatdaşlygy sammitinde, Moskwa, 20-nji mart, 2012-nji ýyl.
Ýewraziýa hyzmatdaşlygy sammitinde, Moskwa, 20-nji mart, 2012-nji ýyl.
19-njy martda Moskwada Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň liderleri täze Ýewraziýa bileleşigini döretmek baradaky ylalaşygy maslahatlaşdylar. Şol dokumente 2015-nji ýyla çenli gol goýmak göz öňünde tutulýar. Bu maslahatda Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň liderleri birnäçe ylalaşyklara hem gol goýdular.

Orsýetiň “ORT1” jemgyýetçilik telekanalynyň beren maglumatyna görä, prezident Dmitriý Medwedew Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynda üç dokumente gol goýlandygyny aýtdy. Emma Medwedew olar barada jikme-jik habar bermedi. Ol bu meselede Orsýetiň pozisiýasyny şeýle beýan etdi:

—Biz mundan buýana integrasiýa proseslerini ösdürmek baradaky ýeterlik derejede möhüm bolan maslahatlarda wagtymyzy netijeli sarp etdik. Biz integrasiýa ugrunda öňünden çaklamaga mümkinçilik döretmegi maksat edinýän birnäçe kararlary kabul etdik. Biz ahyrynda 2015-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady bileleşigini döretmegi ylalaşdyk.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öz çykyşynda Dmitriý Medwedewe prezident bolan döwründe postsowet giňişligindäki integrasiýa prosesiniň raýatlara peýdaly bolup başlamagy ugrunda eden işleri üçin minnetdarlyk bildirdi:

—Men size ýürekdeşligiňiz, Orsýetiň bähbitlerini goramak üçin berk durýandyňyz, biziň diskussiýalarymyzda umumy dil tapmagy başarýandyňyz üçin hormat goýýaryn. Biz hut siziň tagallaňyz bilen geçen 20 ýylda Gümrük bileleşigini döretdik, Bütewi ykdysady giňişligini we Ýewraziýa ykdysady bileleşigini döretmäge başladyk. Eger siz intergrasiýa proseslerine aktiw gatnaşmadyk bolsaňyz, onda biz şeýle üstünlikleri gazanyp bilmezdik.

Nazarbaýewe öz minnetdarlygyny bildiren Medwedewiň pikiriçe, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde integrasiýa prosesleri göz-görtele ösdi we bu duşuşyk entek şol proseslere syn edýän ýurtlar üçin ähmiýetli:

—Eger sen haýsy-da bolsa bir halkara gurama agza bolsaň, onda kesgitli ýeňilliklere eýe bolýarsyň. Eger sen Halkara birleşigine gatnaşmasaň, onda kynçylyklar ýüze çykyp biler. Biz öz pozisiýamyzy käbir synçy ýurtlarymyzyň dykgatyna ýetirmegi zerur hasapladyk.

Häzirki döwürde Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna Orsýet, Gazagystan, Belarus, Gyrgyzystan agza we Täjigistan, Ermenistan, Ukraina we Moldowa synçy statysyna eýe.

Düýbi Moskwadaky syýasy maglumatlar merkeziniň başlygy Alekseý Muhiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzir postsowet giňişligindäki regional guramalary täzeçe gurnamak prosesi gidýär. Şol prosesde regional guramalara agza ýurtlaryň milli bähbitlerini goramak we özbaşdaklygyna hormat goýmak maksat edinilýär. Emma Muhin öňki Sowet Soýuzy döwründäki hyzmatdaşlygy täzeden dikeltmegiň tehniki taýdan kyn boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy:

—Meniň pikirimçe, Wladimir Putin regional guramalaryň Sowet Soýuzy döwründäki täsirli mehanizmlerini ulanmak isleýär. Çünki Putin zamananyň ykdysady we syýasy talaplaryna dogry jogap bermäge zerurlygyň wagty geldi diýip hasaplaýar. Emma, meniň pikirimçe, häzir hyzmatdaşlygy öňki durkunda döretmek mümkin däl. Sebäbi, ähli döwletler garaşsyzlygyň miwelerini datdylar. Şol ýurtlarda Orsýet bilen integrasiýa proseslerini gabanjaňlyk bilen kabul edýän güýçler, elita bar. Muny göz öňünde tutmak gerek.

20-nji martda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady geňeşiniň 53-nji maslahaty açylýar. Oňa Türkmenistanyň wise-premýeri Annamuhammet Goçyýew gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG