Sepleriň elýeterliligi

Ekspert Türkmenistanyň köppartiýalyk meýli barada


Ulunýan: "Hökümete ygrarly partiýalaryň döredilmegi bilen, ýurtda jemgyýetçiligiň üstünden gözegçilik güýçlener".

Ulunýan: "Hökümete ygrarly partiýalaryň döredilmegi bilen, ýurtda jemgyýetçiligiň üstünden gözegçilik güýçlener".

Aşgabatda geçirilen wideomaslahatda Türkmenistanyň hökümetiniň baştutanynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew çykyş edip, ýurtda köppartiýalyk sistemasyna geçmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Toýlyýew häzir “Daýhanlar partiýasynyň” we “Telekeçiler partiýasynyň” düzgünnamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew köppartiýalyk sistemasynyň döredilmeginiň Türkmenistana neneňsi özgertmeleri getirip biljekdigi bilen gyzyklanyp, Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Umumytaryh institutynyň uly ylmy işgäri, professor Artýom Ulunýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda köppartiýalyk sistemasyna geçmek boýunça hökümet baştutanynyň orunbasary Toýlyýewiň ýurtda anyk işleriň alnyp barylýandygy baradaky çykyşy sizde nähili täsir döretdi?

Artýom Ulunýan: Bu ýerde ilki bilen bir zady belläp geçmek zerur, ýagny Türkmenistanda “köppartiýalyk” diýilýän sistema geçmek boýunça taýýarlyk işleri mundan köp wagt ozal başlanypdy. Bu ugurdaky ilkinji wadalar ýurduň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan berlipdi. Ýöne ol berlen wadalar durmuşda uzak wagtlap orun tapmady. Aslynda ol berlen wadalaryň esasy maksady halkara jemgyýetçiligini köşeşdirmek, şeýle hem ýurduň içinde nähili-de bolsa bir umydy döretmekden ybaratdy.

Artýom Ulunýan

Artýom Ulunýan

Häzir bu ugurda özgerişlikleriň başlanmagynyň ýönekeýje sebäpleri bar. Birinjiden, hökümete ygrarly partiýalaryň döredilmegi bilen, ýurtda jemgyýetçiligiň üstünden gözegçilik güýçlener.

Ikinjiden, bu görnüşdäki syýasy guramalar tutuş Türkmenistana azda-kände wekilçilik ederler. Ýöne meniň hut özüm-ä, hökümet düzümi kesgitlenende bolşy ýaly, bu işde-de belli bir regionyň agdyklyk etmek mümkinçiligini aradan aýramok.

Üçünjiden, munuň propaganda häsiýetli maksady bar. Eger-de bu partiýalar döredilse, onda Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan üç partiýa bolar. Munuň netijesinde-de “bir okda iki towşan urulýar”. Ýagny, halkara jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky basyşy azalýar, üstesine-de, ýurtda özgerişlikleriň başlanandygyna bir umyt döreýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda döredilmegi mümkin bu partiýalaryň syýasy agramy bolarmy? Belki-de, bärde Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerindäki ýagdaýlar bilen deňeşdirme getirilse gowy bolar.

Artýom Ulunýan: Bu barada gürrüň edilende, hökmany bir ýagdaý bellenip geçilmeli, ýagny Merkezi Aziýanyň Gyrgyzystandan başga ýurtlarynda köppartiýalyk sistemasy işlänok. Bir söz bilen jemläp aýtmaly bolsa, köppartiýalyk Merkezi Aziýa sebitinde entek diňe bir ýasama häsiýete eýe.

Türkmenistanda hem bu partiýalaryň hökümete ygrarly boljakdygyny çak edýärin. Belki, wagtyň geçmegi bilen olaryň üstünden gözegçilik aýrylyp, olar has erkin syýasy gurluşa öwrülerler. Ýöne men olar ABŞ-nyň Respublikan we Demokratik partiýalary ýa-da Britaniýanyň Liberal we Konserwatiw partiýalary ýaly syýasy gurluşlara öwrüler öýdemok. Gynansam-da, Merkezi Aziýa bu ugurda düýbünden başga mysallary görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Nähili-de bolsa, Türkmenistanyň täze partiýalary döretmek meýlini demokratiýa tarap bir ädim hökmünde häsiýetlendirip bolarmy?

Artýom Ulunýan: Hawa, bu gep-gürrüňsiz bir oňaýly ädim boldy. Sebäbi Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlarynda, goý, hökümet tarapyndan dolandyrylýan bolsun, goý, göz üçin bolsun, ýöne başga bir syýasy gurluşyň döredilmegi – bu gowy niýet.

Ýöne men muny çendenaşa çişirip hem durmazdym. Sebäbi hökümet belli bir derejede bu partiýalaryň mümkinçiliklerini çäklendirer. Men ýene gaýtalaýaryn, bu häzirlikçe diňe ilkinji ädimdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG