Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: 2011-nji ýylda ölüm jezasynyň ýerine ýetirilişi ýokarlandy


Tähranyň 20 kilometr günbatarynda ýerleşýän Karaj şäherinde köpçüligiň öňünde dardan asylan tussag, 2011-nji ýylyň 25-nji ýanwary.
Tähranyň 20 kilometr günbatarynda ýerleşýän Karaj şäherinde köpçüligiň öňünde dardan asylan tussag, 2011-nji ýylyň 25-nji ýanwary.
Halkara “Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, 2011-nji ýylda Eýranda, Saud Arabystanynda we Yrakda ölüm jezasynyň ýerine ýetirilişiniň artmagy netijesinde geçen ýyl bu tendensiýa 2010-njy ýyldaka garanda dünýä boýunça ýokarlanypdyr. Emma, guramanyň täze hasabatyna laýyklykda, ölüm jezasyny ýatyran ýurtlaryň sany 2011-nji ýylda köpelipdir.

“Amnesty International” guramasynyň täze hasabatyna laýyklykda, geçen ýyl Ýakyn Gündogarda ölüm jezasynyň ýerine ýetirilişi artypdyr.

Guramasynyň ölüm jezasy boýunça maslahatçysy Jan Wetzeliň pikiriçe, bu ýerde gapma-garşylykly tendensiýa bar.

“Dünýäde ölüm jezasyny ulanmagy dowam etdiren we ony ýerine ýetirmegi ösdüren ýurtlar bar. Olaryň sany örän az” diýip, Wetzel aýdýar. “Emma bu topar ölüm jezasyny goldaýan döwletlerden örän kiçi. Olar daşky dünýäden juda üzňelikde. Emma geçen ýyl ýerine ýetirilen ölüm jezalarynyň aglabasy şol ýurtlara degişli”.

2011-nji ýylda 20 ýurtda ölüm jezasy ýerine ýetirildi. Bu ölüm jezasynyň ýerine ýetirilişiniň geçen ýyllara garanda durnukly azalýandygyny görkezýär.

Ýöne, “Amnesty International” guramasynyň hasabatyna görä, geçen ýyl 676 adamyň ölüm jezasy ýerine ýetirilipdir. Bu görkeziji 2010-njy ýyla garanda 30 prosent çemesi köp.

2011-nji ýylda ölüm jezasy ýerine ýetirilenleriň ýarpysyndan gowragy Eýranyň paýyna düşýär we ol ýerde 360 adamyň ölüm jezasy ýerine ýetirildi. Geçen ýyl Eýranda köpçüligiň öňünde jezalandyrylanlaryň sany hem 2010-njy ýyla garanda dört esse töweregi köpeldi.

Emma Wetzeliň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bular häkimiýetleriň ykrar eden ýa-da başgalara tassyklatmasy mümkin bolan sanlardyr: “Tassyklatmak mümkin bolmadyk ýa-da gizlin ýagdaýda jezalandyrylanlar hem bar. Şunlukda olaryň jemi sanynyň 600 bolmagy mümkin”.

Hytaýda ölüm jezasy baradaky sanlar gizlin saklanýar. Ýöne, “Amnesty International” guramasynyň hasabatyna laýyklykda, 2011-nji ýylda Hytaýda “müňlerçe” adam jezalandyrylypdyr. Hasabatda olaryň jemi sany barada aýdylmaýar.

Yrakda köpelýär

Geçen ýyl Saud Arabystanynda azyndan 82 adamyň we Yrakda azyndan 68 adamyň ölüm jezasy ýerine ýetirilipdir. Ýöne, Wetzeliň sözlerine görä, Yrakda şu ýylyň üç aýynda şonça adama berlen iň ýokary jeza ýerine ýetirilipdir.

“Biz Yrakda şu ýylyň ýanwar, fewral we mart aýlarynda eýýäm 69 adama berlen ölüm jezasynyň ýerine ýetirilendigini hasaba aldyk” diýip, Wetzel aýdýar. “Şunlukda, Yrak şu ýylyň üç aýynda tutuş geçen ýyldakydan hem köp ölüm jezasyny ýerine ýetirdi”.

“Amnesty International” guramasy Belarusda ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly-da aladala bildirýär. 2011-nji ýylda Belarus Ýewropada we postsowet giňişliginde ölüm jezasyny beren we ony ýerine ýetiren ýeke-täk ýurt boldy.

Guramanyň hasabatyna görä, geçen ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäniň senagat taýdan ösen “Uly Sekizliginiň” arasynda ölüm jezasyny ýerine ýetirýän ýeke-täk ýurt bolup galypdyr. Emma Birleşen Ştatlarda ölüm jezasynyň ýerine ýetirilişi azalýar diýlip, hasabatda bellenýär.

“Amnesty International” guramasy Owganystanda ölüm jezasynyň ýerine ýetirilişiniň, iki ýyl arakesmeden soň, täzeden dikeldilmegi bilen bagly hem alada bildirýär.
XS
SM
MD
LG