Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Türkmenistandaky raýatlary 'wagtlaýynça' pasport çalşyp bilmezler


Ors resmisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hakykatdanam Orsýetiň Türkmenistandaky raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryny çalyşmak wagtlaýynça togtadylypdyr.
Ors resmisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hakykatdanam Orsýetiň Türkmenistandaky raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryny çalyşmak wagtlaýynça togtadylypdyr.
Orsýetiň Türkmenistandaky konsulhanasynyň “gümürtik” pozisiýasy Orsýetiň bu ýurtdaky raýatlarynyň arasynda dowul döredi. Bu ýagdaý Orsýetiň raýatlarynyň möhleti tamamlanýan daşary ýurt pasportlaryny çalyşmak bilen bagly ýüze çykdy. Bular barada Orsýetiň “Nowyýe izwestiýa” gazeti habar berýär.

Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň adynyň agzalmagyny islemedik resmisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hakykatdanam Orsýetiň Türkmenistandaky raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryny çalyşmak wagtlaýynça togtadylypdyr. Çünki uly nobat bar. “Emma Orsýetiň raýatlarynyň pasportlaryny çalyşmak 9-njy aprelden başlap täzeden ýola goýlar” diýip, şol resmi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Orsýetiň “Nowyýe izwestiýa” gazetiniň ýazmagyna görä, Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň daşyna mydama köp adam ýygnanýar. Sebäbi, ilçihanadan ynamly maglumatlary almak mümkin däl.

“Meniň oglum pasportynyň möhletiniň tamamlanmagyna 6 aý galanda, ony çalyşmaga synanyşdy” diýip, 1994-nji ýyldan bäri Orsýetiň raýaty bolan Mariýa Aşyrowa sözüni dowam edýär. “Munuň üçin ilçihananyň konsulhana bölümine telefon arkaly adyňy ýazdyrmaly. Biz birnäçe günläp telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdyk. Haçan-da bu bize başardanda, bir hepde soňra jaň etmegimizi soradylar. Biz mart aýynda ýene-de jaň edenimizde, daşary ýurt pasportlaryny çalyşmagyň sentýabr aýyndan başlanjakdygyny aýtdylar” diýip, Mariýa Aşyrowa “Nowyýe izwestiýa” gazetine aýdypdyr.

Hut häzir Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynda daşary ýurt pasportlaryny çalyşmak bilen bagly uly nobatyň emele gelmeginiň sebäpleri barada orsýetli resmiden maglumat almak başartmady.

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew häzir Orsýetiň ilçihanasynda pasport çalyşmak bilen bagly uly nobatyň emele gelmeginiň sebäpleri barada şeýle çaklama getirdi: “Birinjiden, köp raýatlaryň pasportynyň möhleti tamamlanyp barýar we olar pasportlaryny çalyşmaly. Ikinjiden, Orsýetiň ilçihanasynda işleriň guralyşynda hem käbir säwlikleriň bolmagy mümkin. Sebäbi, pasportlary çalyşmak bilen meşgullanmaga ilçihananyň ýeterlik işgärleriniň bolmazlygy mümkin. Owallar Orsýetiň wizasyny almak üçinem uly nobatlar bolupdy”.

Türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabuntsyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu ýerde howsala düşere zat ýok. “Sebäbi, adatça, bir wagtda pasport alan adamlardan ybarat toparyň pasportlaryny çalyşmagy zerur bolýar” diýip, Şabunts aýdýar. “Ikinjiden, şeýle uly nobatyň täze biometrik pasportyň gelmegi bilen bagly bolmagy mümkin. Men daşary ýurt pasportyny çalyşmak bilen bagly Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynda emele gelen uly nobata adatdan daşary ýagdaý hökmünde garamaýaryn”.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maslahatçy wekili Alekseý Deminiň ýakynda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Orsýetiň Türkmenistandaky raýatlarynyň sany barada anyk maglumat ýok. Emma ol Orsýetiň raýatlygyny alan adamlar boýunça sanlaryň 40 müňden ýokarydygyny, hatda 90 müň diýen sanlaryň hem bardygyny aýtdy.

2003-nji ýylda Türkmenistan Orsýet bilen 1993-nji ýylda baglaşan goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak baradaky karar kabul etdi we ylalaşykdan çykdy. Emma Orsýet türkmenistanlylara Orsýetiň raýatlygyny bermegini dowam etdirýär diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG