Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa öz kosmos raketasyny uçurýandygyny mälim etdi


Penşenbe güni Demirgazyk Koreýa öz raketasyny kosmosa uçurjakdygyny mälim etdi. Mundan öň Phenýan öz raketasyny haçan kosmosa uçurjakdygyny anyk habar bermändi. Çarşenbe güni Phenýanly resmiler raketanyň ýangyçdan doldurylandygyny aýtdylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we käbir beýleki döwletler Demirgazyk Koreýanyň bu uçuş arkaly özüniň uzak aralyga niýetlenen raketasyny synag etmek isleýändigini gümän edýärler. Şeýle synagy Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalary gadagan edýär.

Mundan öň Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillari Klinton Phenýana şeýle synagy geçirmezligi duýdurdy we onuň regional howpsuzlyga göni wehim bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG