Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Titanik”: Dünýäni sarsdyran heläkçilik


Şweýsar hudožnigi Genry Hofstetter tarapyndan Grenlandiýanyň 500 metrlik buzunyň suratynyň ýüzünde “Titanik” gamisiniň suratyny proýektirlemek arkaly döredilen proýeksiýa. 13-nji aprel, 2012.
Şweýsar hudožnigi Genry Hofstetter tarapyndan Grenlandiýanyň 500 metrlik buzunyň suratynyň ýüzünde “Titanik” gamisiniň suratyny proýektirlemek arkaly döredilen proýeksiýa. 13-nji aprel, 2012.
Mundan laýyk bir asyr öň 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde çarşynbe güni Beýik Britanyýanyň kenaryndan şol döwürde dünýädäki ägirt uly ýolagçy gämisi “Titanik” Amerika tarap ýüzüşe başlapdy. Ol 14-nji aprelde, ýekşenbe gijesi Atlantika okeanynda aýsberge urup, heläkçilige uçrady. Iki ýarym sagat geçenden soň, ol suwuň düýbüne çöküp başlady. Gämide jemi 2224 adam bardy, şolardan 700-den gowragy halas bolup, 1500-den köprägi-de heläk bolupdy.

Bu indi ýüz ýyldan bäri dilden düşmän gelýän bir waka boldy. Ol barada ençeme çeper hem dokumantal film surata düşürildi, gaty köp kitap ýazyldy. “Titanigiň” heläkçiligi bilen baglanyşykly edilen işleriň sany ýüzlerçe.

Azatlyk Radiosy “Titanik” heläkçiligi we bu wakanyň adamzada beren sapaklary bilen baglanyşykly türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen gürrüňdeş boldy. N.Nurmämmedow hünäri boýunça awtomobil tehnologiýasyndan ýokary derejeli hünärmen hem öz wezipesi ýa-da hünäri boýunça tehnogen heläkçilikleri baradaky barlaglaryň ençemsine ekspert hökmünde gatnaşan adam.

Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeşligi diňlemek üçin şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:05 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG