Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-özbek serhediniň kynçylyklary sowulmaýar


“Respublika” partiýasy: “Ýanwar aýynda Özbegistanyň Türmenistana barmak islän 4500 raýatyndan 1200-den gowragyny türkmen serhetçileri hiç bir düşündirişsiz yzyna gaýtarypdyrlar”.

“Respublika” partiýasy: “Ýanwar aýynda Özbegistanyň Türmenistana barmak islän 4500 raýatyndan 1200-den gowragyny türkmen serhetçileri hiç bir düşündirişsiz yzyna gaýtarypdyrlar”.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistandan Türkmenistana barmak islän 1200-den gowrak özbek raýatynyň türkmen serhetçileri tarapyndan hiç bir düşündirişsiz yzlaryna gaýtarylandygy habar berilýär.

Şeýle ýagdaýlar barada Özbegistanyň Garagalpagystan regionynyň ýaşaýjylary köp arz edýärler. Bu barada daşary ýurtda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasy-da habar berdi. Emma Türkmenistanyň bir hökümet resmisi bu maglumatlary inkär etdi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri her gezek duşuşanlarynda, türkmen metbugaty türkmen-özbek dost-doganlygynyň ösýändigi barada ýazýar. Emma, muňa garamazdan, 2012-nji ýyldan Özbegistanyň raýatlarynyň Türkmenistana geçmek meselesiniň ozalkylardan has-da kynlaşandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Muňa näme sebäp bolýar?

Düýbi Özbegistanyň Horezm welaýatynda ýerleşýän adam hukuklary boýunça hökümete degişli bolmadyk “Najot” guramasynyň başlygy Haýytbaý Ýakubow Özbegistanyň raýatlarynyň türkmen serhetçileriniň dürli bahanalar bilen özlerini Türkmenistana geçirmeýändiklerini habar berýändiklerini aýdýar.

“Bize şu ýylyň ýanwar, fewral we mart aýlarynda şeýle ýagdaýlar bilen bagly ýüz tutanlar boldy. Bize şeýle meseleler bilen bagly soňky gezek mart aýynda 20-den gowrak adam ýüzlendi. Ýöne žurnalistler we käbir beýleki mart aýynda bir müň çemesi adamyň Türkmenistana geçip bilmändigini habar berýärler” diýip Haýytbaý Ýakubow aýdýar.

Haýytbaý Ýakubow özbek raýatlarynyň Türkmenistana geçip bilmezlikleriniň dürli sebäpleriniň bardygyny belleýär: “Bize ýüz tutanlaryň aýtmaklaryna görä, olara türkmen serhetçileri nirä barýandyklary, kimiň öýünde galýandyklary we barjak ýeriniň adresleri barada sowallar beripdirler. Emma olaryň köpüsi barjak ýeriniň adresini bilmändirler. Ýöne, olaryň Türkmenistanda garyndaşlarynyň bardygy welin hakykat”.

Türkmen-özbek serhedinde şeýle meseleleriň bardygyny käbir özbek raýatlary-da biziň bilen söhbetdeşliklerinde tassykladylar. Şolaryň biri Horezm welaýatynyň ýaşaýjysy, 55 ýaşly Syhbat Abdyllaýew özbek raýatynyň serhetden geçmegi üçin onuň Türkmenistandaky garyndaşynyň serhet-barlag punktuna gelmelidigini aýdýar.

Ol: “Mysal üçin, eger meniň Türkmenistanda garyndaşym bar bolsa, şol garyndaşym serhet-barlag punktuna gelmeli. Ol serhetçilere meniň öz garyndaşydygymy we birnäçe günläp myhmançylykda galjakdygymy tassyklamaly” diýip, gürrüň berdi.

Sanlar baradaky garaýyşlar dürli

Daşary ýurtda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasynyň ýaýradan maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň Türmenistana barmak islän 4500 raýatyndan 1200-den gowragyny türkmen serhetçileri hiç bir düşündirişsiz yzyna gaýtarypdyrlar.

Oppozision partiýa Daşoguz welaýatynyň Özbegistan bilen serhetdäki “Könürgenç-awto” serhet-barlag punktynda bir günüň dowamynda 52 adamyň hiç bir düşündirişsiz yzyna gaýtarylandygy we bu zatlaryň bilkastlaýyn edilýändigi barada anyk maglumatyň bardygyny habar berýär.

Emma Daşoguz welaýatynyň Könürgenç etrap häkimliginiň bir resmisi telefon arkaly söhbetdeşlikde Özbegistanyň raýatlarynyň Türkmenistana geçmeginde şeýle meseleleriň ýokdugyny öňe sürdi.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem türkmen-özbek serhedinde şeýle meseleleriň ýüze çykýandygyny, emma oppozisiýanyň ýaýradan sanlaryna şübhelenýändigini mälim etdi.

Ol: “Men şonça özbek raýatynyň Türkmenistana geçirilmändigi baradaky sanlara şübhelenýärin. Emma baýramçylyklaryň öňýanynda ýa-da baýramçylyk günleri Türkmenistanyň territoriýasyna geçip bilýän özbegistanlylaryň sany, hakykatdanam, ep-esli kemelýär” diýip belledi.

Özbegistanyň adam hukuklary boýunça hökümete degişli bolmadyk “Najot” guramasynyň başlygy Haýytbaý Ýakubowyň pikiriçe, serhet bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň öňüni almak üçin uly ýeňillikleri göz öňünde tutýan täze dokumentleri kabul etmeli. Şonda türkmen-özbek serhedi hakyky dostluk serhedine öwrüler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG