Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan çaýy öz milli içgisi diýip yglan edýär


Hindistanyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, çaý resmi taýdan ýurduň milli içgisi diýilip yglan ediler.

Ýekşenbe güni çap edilen maglumatlarda Hindistanyň planlaşdyryş komissiýasynyň başlygy Montek Singh Ahluwalia salgylanylyp, 2013-nji ýylyň 17-nji aprelinden başlap ýurtda çaýa ýörite status beriljekdigi aýdylýar.

Hindistan çaý öndürmekde we ony ulanmakda Hytaýdan soň ikinji orunda durýar.

Hindistanda hojalyklaryň 83 prosenti çaýý kadaly ulanýar. Ol suwdan soň iň arzan içgi hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG