Sepleriň elýeterliligi

TI: korrupsiýa Ýewropadaky durnuklylyga ýaramaz täsir edýär


Çarşenbe güni korrupsiýa garşy göreş alyp barýan halkara “Transparency International” guramasy öz ýaýradan hasabatynda Ýewropadaky maliýe krizisine korrupsiýanyň sebäp bolýandygyny bellpädir.

Hususan-da, bu hasabatda hususy biznesler bilen hökümetleriň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň Ýewropada korrupsiýa problemasyny döredýändigi we munuň-da öz gezeginde Ýewropanyň ykdysady durnuklylygyna ýaramaz täsir edýändigi nygtalypdyr.

Bu gurama 2011-nji ýylyň dowamynda Ýewropanyň tas her bir ýurdunda diýen ýaly döwlet dolandyryşynda bar bolan problemalaryň maliýe we syýasy krizisleriň ýaramazlaşmagyna itergi berendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG