Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zähmet ýoluna gadam


Bugaýew: "Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, şu ýyl Türkmenistanyň özündäki ýokary okuw jaýlaryny dört müň çemesi adam tamamlaýar".
Bugaýew: "Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, şu ýyl Türkmenistanyň özündäki ýokary okuw jaýlaryny dört müň çemesi adam tamamlaýar".
Iýun aýynda adatça ýokary okuw jaýlarynyň gutardyş synaglary tamamlanýar. Häzir Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynda gutardyş dabaralary geçirilýär. Müňlerçe ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basýarlar.

Şu ýyl Türkmenistanda näçe student ýokary okuw jaýyny tamamlap, işe ýerleşip biler? Daşary ýurtlarda ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýanlaryň diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýärmi? Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy şu meseleler bilen gyzyklanyp, Türkmenistanda ilatyň durmuş şertlerini ýakyndan synlaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat aga, şu ýyl Türkmenistanda näçe student ýokary okuw jaýyny tamamalaýar? Bu barada anyk maglumatyňyz barmy?

A. Bugaýew: Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, şu ýyl Türkmenistanyň özündäki ýokary okuw jaýlaryny dört müň çemesi adam tamamlaýar. Ýurduň daşyna hökümetiň howandarlygynda okuwa ýollananlaryň-da iki müňe golaýy okuwyny tamamlamaly. Öz hasabyna daşary ýurtlara okamaga gidenleriň-de uly topary bar. Olaryň sanynyň takyk hasabyny aýtmak juda kyn. Sebäbi, aýdaly, 2007-nji ýylda öz hasabyna ýurduň daşyna okuwa gidenleriň näçesi häzir okuwyny dowam etdirýär, şu ýyl tamamlaýa ýa-da näçesi okuwyny taşlapdyr? Olaryň näçesi Türkmenistana öwrülip geljek, näçesi ýurduň daşynda işe galjak, bu zatlaryň takyk hasaby ýok. Ýöne, umuman, döwlet statistikasynyň ýöredýän hasabyna görä, şu ýyl bolmanda Türkmenistanda sekiz müň çemesi [adam ýokary bilimli işgärleriň] toparyna goşulmaly.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat aga, Türkmenistanda ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaşlara, beýleki ýurtlarda edilişi ýaly, dessine diplom berilýärmi?

A. Bugaýew: Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda girizilen talaba görä, ýokary okuw jaýyny tamamlaýan ýaşlar iki ýyl önümçilikde işleýärler. Iki ýyl önümçilikde işlänlerinden soňra, şol ýerde işlänligi hakyndaky güwänamany – tassyklamany getirýärler. Diplomlar şondan soň gowşurylýar. Ýöne oňa çenli olaryň eline “Wagtlaýyn diplom” diýlen ýörite bir sertifikat berilýär. Şol esasynda olar işe ýerleşýärler.

Azatlyk Radiosy: Ýokary bilimli ýaş spesialistler üçin, iş tapmak meselesi nähili?

A. Bugaýew: Türkmenistanda şu wagt ýokary bilimlilere işe ýerleşmek o diýen bir problema däl. Türkmenistanda şol ýörite orta bilimli, aýdaly, bir ýörite hünäri bolmadyk adamlara işe ýerleşmek kyn. Ýokary bilimlilere iş ýerleri bar. Ýöne bärde ýüze çykýan bir topar problemalar bar. Meselem, şolardan iň esasysy – ýaşaýyş jaý problemasy. Bu bir ýagdaý. Ikinji ýagdaý, Türkmenistanda häzirem şol pasport ýazgysy – propiska meselesi dowam edýär. Meselem, Günbatar Türkmenistanda nebit-gaz pudagy ösen, şoňa gidip işlemek isleýän ýaşlar bar. Sebäbi şo ýerde zähmet haky, ýene gaýry ýurduň beýleki welaýatlaryndaky zähmet haky bilen deňeşdireniňde, duýarlykly derejede mese-mälim ýokary. Ýöne şol ýaş spesialistleriň pasportynda ýazgy meselesinde döreýän böwet şo ýaşlaryň şo ýere köpçülikleýin işe barmagyna kynçylyklar döredýär. Ine, şular ýalyrak ýagdaýlar bar. Onsoň galyberse-de, elbetde, bu durmuşyň talabydyr ýa-da bolmasa aňyň başga tarapa özgermegidir, näme üçindir okuwy tamamlaýan ýaşlaryň belli bir bölegi öz hünär alan ugrundan işläninden, bazarda biznes bilen, söwda-satyk, kommersiýa bilen meşgullanmagy kem görenoklar. Sebäbi o ýerden gelýän girdeji edarada-kärhanada alýan girdejiňden parh tapawutly.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat aga, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaş oglanlaryň harby gullugy geçmek meselesi nähili? Olara gulluk etmek hökmanmy?

A. Bugaýew: Şu meselede hem hökman, hem hökman däl zatlar bar. Mälim bolşy ýaly, mundan üç ýyl ozal Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde bolmasa-da, belli-belli okuw jaýlarynda harby kafedralar açyldy. Meselem, Türkmen Döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetinde şeýle kafedralar açyldy. Ine, şu kafedralarda geçirilýän harby taýynlygyň möhledi üç ýyl. Şol 2007-nji ýylda okuwa girenleriň-de ählisi şol okuw jaýyndaky harby kafedra çekilipdir hem-de şolar harby kafedralary tamamlapdyrlar. Şonuň üçinem eýýäm olar harby gulluga degişli däl adamlar bolup çykýar. Aslynda ýöne şol harby kafedralara indi häzir 1-nji kursy tamamlandan soňra 2-nji, 3-nji, 4-nji kurslarda harby kafedralarda harby türgenleşik okuwy geçirilýär. Olara ofiser çinini bermek üçin, şolary taýýarlaýarlar. Bu bir ýagdaý. Ikinji ýagdaý, şu ýyl okuwy tamamlaýanlaryň belli bir bölegi, belki, ýarysyna golaýy öň harby gullukda bolan ýaşlar. Ine, bu ýagdaý bar. Ýene-de bir ýagdaý, aýry-aýry okuw jaýlaryndan harby gulluga çagyrmakda çäklendirmeler bar. Esasan konserwatoriýany tamamlaýanlary, Medeniýet institutynyň, ýene gaýrynyň belli-belli fakultetlerini tamamlaýanlary harby gulluga çagyrmakda çäklendirmeler bar. Olar uçdan-tutma harby gulluga çagyrylmaýar.

Azatlyk Radiosy: Belli bolşy ýaly, häzir daşary ýurtlarda öz hasabyna okaýan türkmenistanlylar az däl. Şolaryň diplomlaryny ykrar etmek meselesi nähili çözülen Türkmenistanda?

A. Bugaýew: Türkmenistanda şolaryň diplomlary ykrar edilýär. Özem ol, aýdaly, mundan bäş ýyl-dört ýyl ozalkysy ýaly, beýle bir çylşyrymly däl. Öň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny öz hasabyna tamamlap gelen ýaşlar “Ruhnamadan” hökman ekzamen tabşyrmalydylar, ýene gaýry predmetlerden ekzamen tabşyrmalydylar. Häzir şol ekzamenler-ä aýryldy. Gürrüňdeşlik esasynda şolaryň diplomlary ykrar edilýär. Häzir şo ykrar etmegiň baş maksady – şolar hakykatdanam bilim alanmy, şolaryň elindäki diplom hakyky diplommy ýa-da bir galp diplommy? Şonuň anygyna ýetmek. Öňki ýaly “ruhnamaçylary” taýýarlamak maksady bilen geçirilenok şol gürrüňdeşlik.
XS
SM
MD
LG