Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýa: ozalky premýer-ministr öz janyna kast etmekçi boldy


Rumyniýanyň ozalky premýer-ministri Adrian Nastase öz janyna kast etmek synanyşygyndan soň, keselhana düşdi.

Penşenbe güni oňa edilen operasiýadan soň, ýerli keselhanynyň resmileri Adrian Nastaseniň bokurdagyna salnan ýaranyň ýüzleýdigini we onuň janyna howp abanmaýandygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, Adrian Nastase çarşenbe güni giçlik polisiýa işgärleri özüni tussag etmäge baranda, öz janyna kast etmäge synanyşypdyr. Ol 2000-nji we 2004-nji ýyl aralygynda ýurda premýer-ministrlik edipdi.

Rumyniýanyň sudy ony 2004-nji ýylda özüniň prezidentlik kampaniýasy üçin döwlet býujetinden 2 million dollar puly bikanun ulananlykda günäli tapyp, oňa 2 ýyl türme tussaglygyny bermek barada karar çykardy.
XS
SM
MD
LG