Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň oppozisiýasy Ženewa maslahatynyň netijesinden nägile


Ýekşenbe güni Siriýanyň oppozision toparlary BMG-niň ara durmagynda Ženewada geçirilen maslahatyň netijesinden özleriniň kanagatlanmaýandyklaryny mälim etdiler.

Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň resmisi Burhan Galioun Siriýanyň häkimiýetleri bilen oppozisiýanyň özara ylalaşyga gelmelidigi barada kabul edilen karary “masgaraçylyk” diýip häsiýetlendirdi.

Şenbe güni Ženewada geçirilen halkara konferensiýasyna gatnaşyjy ýurtlar Siriýada geçiş hökümetiniň döredilmelidigi baradaky plany oňladylar.

Ýöne Orsýetiň aýak diremegi netijesinde Siriýanyň häzirki prezidenti Başar al-Assadyň-da geçiş hökümetiniň düzümine girmegi üçin gapynyň açyk bolmalydygy bilen hem ylalaşyldy.
XS
SM
MD
LG