Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň turizm hyýallary


"Awaza" turistik zolagy. 2011 ý.
"Awaza" turistik zolagy. 2011 ý.

“Awaza” Türkmenistanyň syýahatçylyk arzuwlarynyň tuwagy hökmünde häsiýetlendirilýär. Emma ol ýeriň öňki daçalyk dynç alyş sebitinden sözüň doly manysynda turistik zolaga öwrülmegi üçin entek geçilmeli uly ýol bar.

Mundan bäş ýyl töweregi ozal hem “Awaza” türkmenleriň gündelik iş-aladalaryndan aýrylyp, deňiz kenarynda dynç almaklary üçin gowy bir daçalyk çola ýerdi.

Emma indi kerpiçden galdyrylan öýleriň ýerini, lowurdap duran, kaşaň myhmanhanalar tutýar. Öňki hapa ýollaryň deregine bolsa, asfalt düşelen şaýol peýda boldy. Hazaryň kenar ýakalarynda-da dynç alyş seýilgähleri döredildi.

2006-njy ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýete geçeli bäri “Awaza” proýektine 1.4 milliard dollaryň goýberilendigi aýdylýar.

Eger-de “Awaza” zolagy “sen gur, myhmanlar hem geler” diýen pikirden ugur alnyp döredilýän bolsa, onda bu taýda bir zat entegem ýetmezçilik edýär, bu hem gelýän adamlardyr.

Ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy “Awaza” zolagyna baranda, onuň myhmanhana ýerleşmek üçin köp sanly turist bilen bäsdeşlik etmegine zerurlyk bolmandy. Ýagny, aňrybaş derejede gurlan myhmanhanalar bütinleý boş diýen ýalydy.

Nyrhlar ýerli ilat üçin ýokary

Myhmanhanalarda kesgitlenen nyrhlar halkara standartlaryna golaý bolup görünýär.
"Kerwen" myhmanhanasynyň naharhanasy
"Kerwen" myhmanhanasynyň naharhanasy
Mysal üçin, “Kerwen” myhmanhanasynda ýeke adamlyk otag bir gije üçin 50 dollara durýar. Onuň düzümine mugt ertirlik, otag hyzmatlary, türgenleşik zaly ýaly zatlar girýär.

Emma “Awaza” ençeme ýyllaryň dowamynda dynç almaga gelen Oraz ýaly ýerli ýaşaýjylar üçin, ol kesgitlenen nyrhlar juda ýokary bolýar.

Aşgabatly doktor Oraz: “Meniň üç adamlyk maşgalamy “Awazada” bir hepde dynç aldyrmaga mümkinçiligim ýok” diýýär. Oraz myhmanhanalaryň töleginiň üstesine ýene-de transport we iýmit çykdajylary göz öňünde tutulanda, ol ýerde asla dynç alyp bilmejekdigini aýdýar.

Oraz munuň deregine myhmanhananyň soraýan töleginiň bir bölegine Türkmenbaşy şäherinden 20 km. uzaklykda ýerleşýän hususy jaýlaryň birini kireýine tutýandygyny aýdýar. Ol şol ýerden deňiz kenaryna ulag bilen barýandygyny belleýär.

Emma “Awazanyň” myhmanhanalarynyň birinde işleýän Şöhrat ýagdaýlaryň üýtgejekdigine ynanýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, turistik möwsüm, esasan, iýul, awgust we sentýabr aýlarynda bolýar. Şöhrat “Awazada” işleriň indi-indi ýola düşüp başlanandygyny nygtaýar.

Şöhrat ýaly “Awazanyň” myhmanhanalarynda işleýän ýerli ýaşaýjylaryň aglabasy üçin bu turistik merkez girdeýjiniň ýeke-täk çeşmesi. Şol bir wagtyň özünde “Awaza” zolagyna daşary ýurtly turistleri çekmek meselesinde belli bir derejede kynçylyklar döräp biler. Häzir diňe sanlyja turistik agentlik Türkmenistana gezelenji hödürleýär.

Wiza kynçylyklary

Berdimuhamedow Türkmenistany daşary ýurtlar üçin açmak barada tagalla edýär diýilsi-de, ýurda hakykatdan hem turistleriň gelmegi üçin edilmeli işler köp.

Düýbi Moskwada ýerleşýän ”Žarkow Tur” turistik agentlginiň berýän maglumatyna görä, soňky aýlaryň dowamynda Orsýetden Türkmenistana barmaga wiza soran adamlaryň köpüsiniň haýyşy ret edilipdir.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän ”Intrepid Travel” agentligi beýle kynçylyklara duçar bolmaýandygyny aýtsa-da, doldurylmaly kagyzlaryň we geçmeli proseduralaryň juda köpdügini we uzak wagt alýandygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG