Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda MHK-niň ýerli başlygynyň ölümi derňelýär


Täjigistanyň resmileri ýurduň Badagşan welaýatynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň uprawleniýesiniň başlygy Abdullo Nazarowyň öldürilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça jenaýat-derňew işiniň ýola goýlandygyny aýdýarlar.

56 ýaşly Abdullo Nazarowyň şenbe güni Daglyk-Badagşan Awtonomiýa oblastynyň Işkoşim raýonyna sapar edýärkä, pyçaklanyp öldürilendigi habar berilýär.

Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň resmileri bu hüjümiň bu regiondaky bikanun temmäki söwdasy bilen baglanyşygyny görkezýän alamatlaryň bardygyny aýdýarlar.

Ýöne Abdullo Nazarowa anyk kimiň hüjüm edendigi barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG