Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Asma ýol gaýtadan işläp başlady


Äpet sütünler arkaly çekilen polat tanap ýolundan hereket edýän, haly gölleri bilen bezelen 18 sany kabina bar.
Äpet sütünler arkaly çekilen polat tanap ýolundan hereket edýän, haly gölleri bilen bezelen 18 sany kabina bar.
Geçen ýylyň awgust aýynda işi togtadylan Aşgabatdaky asma ýol ýaňy-ýakynda gaýtadan işläp başlady. Geçen ýyl, bu tanap ýolunyň howpsuz işlemegi üçin wagtal-wagtal çalşyrmaly şaý-sepleriniň daşary ýurtlardan wagtynda getirilmändigi üçin, asma ýol tas bir ýyla golaý işlemän durdy.

“Türkmenbaşynyň asma ýoly” diýlip atlandyrylýan, bahasy 20 ýarym million dollar bolan bu desga 2006-njy ýylda Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlipdi. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen bu asma ýol aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdy. Emma, bir ýyla golaý wagt işlemän duransoň, indi bu desga gezelenje barýan adam häzir öran az.

Asma ýoluň işgäri bu ýere her gün 10-15 adamyň gelýändigini, käwagt bolsa asla adam ýokdugyny aýdýar.

Suratlar: Aşgabatdaky asma ýol, awgust, 2012.

Asma ýola barýan Berzeňňiniň ýokarsyndaky ýolda häzirlikçe abatlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Ýol täzeden gurulýar. Emma, muňa garamazdan, bu ýol täzeden gurulmanka-da asma ýola barýan ýoluň belgisi öňem ýokdy. Şonuň ýaly-da asma ýola barýan awtobus gatnawy hem guralmandy. Bu ýola diňe hususy awtoulagda ýa-da takside baryp bolýar.

Asma ýoluň işgäriniň äýtmagyna görä, şu ýagdaýam bu ýola gelip, gezelenç etmek isleýän adamlara päsgelçilik döredýär. Ol asma ýola esasan hususy awtoulaglary bar bolan adamlar gelýändigini, taksi tutup gelýän adamlaryň azdygyny, sebäbi taksili bu asma ýola geljek bolsaň azyndan 5 manat tölemelidigini aýdýar. Emma häzir asma ýola barýan taksiler hem ýok. Diňe hususy awtoulagda baryp bolýar.

Bu desganyň işläp başlanlygyndan hem aşgabatlylaryň köpüsi bihabar. Onuň ýapylandygy barada ýa-da täzeden işläp başlandygy barada ilata maglumat bermeýär.

Asma ýoly 4 kilometre uzap gidýär. Äpet sütünler arkaly çekilen polat tanap ýolundan hereket edýän, haly gölleri bilen bezelen 18 sany kabina bar. Olaryň 15 sanysy dynç almaga gelenler üçin 8 orunlyk kabinalar. Iki sanysy ýük daşamak üçin hem-de biri tehniki hyzmatlar üçin ulanylýar. Bu kabinalara münüp, dag gerşine barmak üçin adam başyna 2 manat tölemeli.

1270 metr beýiklikde ýerleşen Köpetdagyň gerşindäki syn ediş meýdançasyna 10-15 minutda baryp bolýar. Bu ýoluň ugrunda aşakda keýikleriň gezip ýörenini hem görmek bolýar. Bu desganyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu ýerlerde keýiklerden başga-da syrtlanlar hem bar. Käwagt barsa hem duş gelinýändigini aýdýarlar.

Asma ýoluň ahyrky nokadyndaky meýdançada kiçeňräk seýilgäh bolup, onda “Asma ýol” diýlip atlandyrylýan 100 adamlyk restoran bar. Şeýle-de bu ýerde 80 adamlyk kafe-bar hem gurlupdyr. Bu restoran we kafe-bar häzirlikçe işlemeýär.

Asma ýoluň iň ýokarky nokadyndan eliň aýasynda ýaly görünýän Aşgabadyň panoramalaýyn görnüşi açylýar. Şähere has golaýdan syn etmek üçin 5 sany dürbi goýlupdyr. Dürbülerden peýdalanmak üçin 20 teňňe tölemeli.

Göräýmäge, asma ýolda dynç almak, gezelenç etmek üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Emma bahasy 20 million dollara durýan bu desga gezelenç edýän adam häzirlikçe az.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanda öňküsinden iki esse uly ikinji asma ýolunyň gurulmagy barada iş alnyp barylýar. Türkmenistan.Ru internet gazetiniň şu ýylyň 23-nji ýanwarynda çap eden maglumatyna görä, 9 kilometrlik täze we ikinji asma ýoly “Türkmenistan” teleýaymlar merkeziniň täze binasy bilen Köpetdagyň aralygynda gurlar.
XS
SM
MD
LG