Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Türkiýe bilen transport infrastrukturasy boýunça işleşmekçi


Berdimuhamedow Türkiýä sapary mahalynda, 9-njy awgust.

Berdimuhamedow Türkiýä sapary mahalynda, 9-njy awgust.

Penşenbe güni, 9-njy awgustda Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä iki günlük iş sapary başlandy. Resmi maglumatlara görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä bu sapary netijesinde türkmen-türk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy boýunça ileri tutulýan täze ugurlaryň kesgitlenmegine garaşylýar.

Prezident Berdimuhamedowy Stambulyň Atatürk adyndaky Halkara aeroportunda Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül garşy aldy. Soňra iki ýurduň prezidentleri şol ýerden “Ambarly” portuna gidip, bu ýerdäki işleriň barşy bilen tanyşdylar.

Stambulyň “Ambarly” portunda Berdimuhamedow bilen Güle brifing berildi. Bu brifinge Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan hem gatnaşdy. Soňra iki ýurduň baştutanlary portdan kenar howpsuzlygy boýunça edara degişli gämä münüp gaýtdylar diýip, Türkiýäniň prezidentiniň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Saparyň dowamynda türkmen prezidentiniň Izmir şäherine hem barýanlygy habar berilýär.

Berdimuhamedowyň Abdylla Gül bilen ýokary derejeli gepleşiklerinde Türkmenistanyň täze transport infrastrukturasyny döretmek, şol sanda deňiz portlaryny täzelemek we olary tehniki taýdan üpjün etmek meselesiniň maslahat ediljekdigi habar berilýär.

Suratlar: Berdimuhamedow Türkiýä sapary mahalynda, 9-njy awgust.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup galýar. Resmi maglumatlara görä, Türkiýe Türkmenistanyň iri söwda ýaranlarynyň biridir. Türkmenistanda 600-e golaý türk kompaniýasynyň işleýänligi, olaryň gatnaşmagynda 1200-den gowrak inwestision proýektiň amala aşyrylýanlygy habar berilýär.

Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýanyň şu ýylyň başynda Aşgabatda eden çykyşyna görä, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti gurluşyk pudagyndaky şertnamalaryň 90%-ni türkiýeli şirketler bilen baglaşypdyr.

Dawaly mesele

Soňky ýyllarda Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalary tarapyndan türkmen hökümetiniň adresine şikaýatlar hem edilipdi. 2011-nji ýylda 20-ä golaý türk şirketi türkmen hökümetiniň özlerine 1 milliard dollar çemesi bergilidigini aýdyp, halkara suduna ýüzlenjekdiklerini yglan edipdiler.

Bu şirketler toparyna ýolbaşçylyk eden “Seçe Inşaat” şirketiniň başlygy Irfan Dölek Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde türkmen tarapy bilen geçirilen gepleşikler “netije bermänsoň, özleriniň suda ýüzlenmäge mejbur bolandyklaryny” aýdypdy.

Türkiýede geçirilýän häzirki gepleşiklerde türk şirketleriniň türkmen tarapy bilen özara dawasyna degişli meseläniň maslahat edilip-edilmejegi resmi maglumatl ýok.

Hyzmatdaşlygyň ugurlary

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň ýene biri – energiýa hyzmatdaşlygyna degişlidir. Ankara Türkmenistanyň energiýa serişdelerini Ýewropanyň bazarlaryna çykarmak üçin ýardam bermäge taýýardygyny resmi derejede yglan edýär.

Berdimuhamedowyň türk prezidenti Abdylla Gül bilen gepleşikleriniň gün tertibinde gumanitar hyzmatdaşlygyň hem durýanlygy resmi maglumatlarda habar berildi.

Türkiýe türkmen raýatlarynyň gazanç etmek we bilim almak üçin köp barýan ýurdy. Türkiýede tükmen raýatlarynyň dürli kynçylyklara uçraýanlygy barada hem häli-şindi habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä edýän häzirki sapary onuň şu ýylyň başyndan bäri bu ýurda ikinji wizitidir. Fewral aýynda ikinji prezidentlik möhletine başlan Berdimuhamedow ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä edipdi.

Şu ýyl Türkmenistan we Türkiýe özara diplomatik gatnaşyklarynyň 20-nji ýyl dönümini belleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG