Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Gazagystanyň raýatyny Orsýete ekstradisiýa etmekçi


Penşenbe güni Ukrainanyň Odessa şäheriniň şikaýat sudy Gazagystanyň raýaty Ilýa Rýanzini Orsýete ekstradisiýa etmek barada şäher sudunyň çykaran ozalky hökümini öz güýjünde galdyrdy.

Şu ýylyň fewral aýynda Odessa şäherinde tussag edilen Ilýa Rýanzin bilen çeçen milletinden bolan Adam Osmaýew Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň janyna kast etmeklige taýýarlyk görenlikde aýyplanýarlar.

Olaryň ikisem Odessadaky bir kwartirada elde ýasalan bombanyň tötänleýin partlamagynyň yzýany tussag edilipdiler. Şol tötänleýin partlamada olaryň bir ýoldaşy partlamanyň pidasy bolupdy.
XS
SM
MD
LG