Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lans Armstrong doping boýunça göreşini bes edýändigini aýdýar


Welosiped sürmek boýunça amerikaly meşhur sportsmen Lans Armstrong Birleşen Ştatlaryň doping agentliginiň bildirýän aýyplamalaryna garşy öz göreşini bes edýändigini yglan etdi.

Lans Armstrong neşe maddalaryny ulanandygy barada özüne bildirilýän aýyplamalary adalatsyz diýip hasaplaýar. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, ol özüni aklamak boýunça alyp barýan göreşini indi bes etmekçidigini mälim etdi.

Bu barada eden penşenbe günki çykyşynda ol indi öz güýjüni we tagallasyny öz maşgalasyna hem-de rak keseline garşy göreş alyp barýan fonduň işine gönükdirjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň doping boýunça agentligi Lans Armstrongyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda gadagan edilen neşe maddasyny ulanyp gelendigini aýdyp, onuň ähli gazanan medallaryndan we baýraklaryndan mahrum ediljekdigini hem-de oňa ýaryşlara gatnaşmaklygyň hemişelik gadagan ediljekdigini yglan etdi.

Lans Armstrong “Tour de France” halkara ýaryşynyň ýedi gezek çempionydyr.
XS
SM
MD
LG