Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda saklanan türkmen işçilerine deportasiýa howpy abanýar


Azerbaýjanda Türkmenistandan gelen 35 töweregi bikanun zähmet immigrantlarynyň bu ýurduň Immigrasiýa boýunça döwlet gullugy tarapyndan ele salnandygy, olara häzir deportasiýa edilmek howpunyň abanýandygy aýdylýar.

Olara soňky iki aýyň dowamynda aýlyk hem tölenmändigi, pasportlarynyň ellerinden alnandygy, yzyna dolanmaga maliýe serişdeleriniň ýoklugy, azyk-iýmit bilen üpjünçiliginiň juda gözgynydygy, şeýlelikde olaryň gaty agyr şertlerde ýaşaýandyklary aýdylýar.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň Bakuwdaky habarçysy Durna Seferli bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Azerbaýjanda Türkmenistanyň 30-a golaý raýatynyň, pasportlary ellerinden alnandygy üçin, ýurdy terk edip bilmeýändigi aýdylýar. Bize gowşan maglumata görä, olar bikanun immigrant işçiler bolmaly, bu barada sizde nähili maglumat bar?

D. Seferli: Azerbaýjanyň Deweçi regionyndaky Gala alty etrabynda ýerleşýän sanatoriniň deregine Türkiýäniň ”Doga” gurluşyk şirketi myhmanhana gurýar. Şol töwerekde beýleki ýurtlardan gelen şirketler we adamlar işleýärler, işçilerden 35-si Türkmenistandan gelipdir. Olar gurluşykda, umuman, demir işleri bilen meşgullanýar ekeniler.

Olaryň arasynda iki aý öň gelenlerem bar, dört aý öň gelenlerem, soňky iki aýyň dowamynda olaryň aýlyklary tölenmändir. Olaryň yzlaryna dolanmak üçin maliýe serişdeleri ýok, şol bir wagtyň özünde-de olaryň gurluşyk firmasy bilen ylalaşyk şertnamalary bar.

Olara şol şertnamalar okadylman gol goýdurylypdyr, şonuň üçin olaryň şertnamalarda näme ýazylanyndan habarlary ýok. Şol işçilere gol goýdurylan şertnamalardan çen tutulsa, olar galýan ýerleriniň, iýýän naharlarynyň, egin-eşikleriniň we ulanýan enjamlarynyň çykdajylaryny öz aýlyklaryndan tölemeli edilipdir, şunlukda olara aýlygyndan juda ujypsyz pul galýar ekeni.

Soňky iki aýyň aýlygy hem tölenmänson, olar awgust aýynyň 29-nda iş taşlaýyş yglan edipdirler, olaryň häzirki döwürde pullary ýok, olar azyk-iýmitleriniň hem azalyp barýandygyny aýdýarlar.

Häzirki döwürde Azerbaýjanyň Immigrasiýa boýunça döwlet gullugy şol regionda barlag işlerini geçirýär.

Türkmenistanly immigrant işçileriň aýtmaklaryna görä, şirketiň ýolbaşçylary olaryň dokumentlerini alyp, yzyna bermändirler. Onsoň olaryň häzir pasportlary hem ýok. Olaryň aýtmaklaryna görä, şirket immigrantlara, pasportlary gaýtarylyp berlende, aýlygyndan uly bir böleginiň tutulyp galjakdygyny aýdypdyr. Ýagny, kimdir biriniň aýlygy 500 manat bolsa, ondan 400 manadyň tutuljakdygy, galan puluň bolsa pasportlary bilen immigrantlara tabşyryljakdygy aýdylypdyr.

Olaryň sözlerine görä, şirket Immigrasiýa gullugynyň jerimesiniň şol puldan tölenjekdigini aýdýar. Bu meselede biz agzalýan şirketiň wekillerinden maglumat alyp bilmedik.

Azatlyk Radiosy: Olaryň pasportlary ellerinden alnypdyr, pullaram ýok diýdiňiz, şeýlemi?

D. Seferli: Hawa, pullary ýok, olar iki aý bäri aýlyklaryny hem alyp bilmändirler, olara naharhana baryp, nahar iýmäge rugsat hatlary berlipdir, emma soňky günlerde olara berilýän naharam kesilipdir. Olar öz pullaryny hem pasportlaryny talap edip, 29-nji awgustda iş taşlapdyrlar.

Azatlyk Radiosy: Pullary bolmasa, olar nähili şertlerde ýaşaýar ekenler?

D.Seferli: Olaryň işleýän ýeriniň ýakynynda bir köne hammam bar, olar şol hammamda goýlan tagtalarda ýatyp-turýar ekenler. Hammamyň içindäki şertler barada aýdylanda, ol, elbetde, öň hammam hökmünde ulanylan bir bina, ýaşaýyş şertleri, elbetde, gowy däl.

Şol binada duşa düsmek üçin ýeterlik şert ýok, diňe sowuk suw akýar, ýagny şol ýerde adamlar üçin amatly şertleriň bardygyny aýtmak kyn. Şonuň üçin olardan ikisi bagryndan sowuklap, keselläpdir. Keselländigi üçin, şol iki adam gazanan pullary tölemän, Türkmenistana yzyna ugradylypdyr.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde şol immigrantlaryň planlary nämelerden ybarat? Ýagny, indi näme etmek isleýärler?

D.Seferli:
Olaryň edip biljek işleri ýok, olar pasportlaryny hem pullaryny alyp bilseler, Türkmenistana dolanmak isleýärler. Olar Azerbaýjanyň immigrasiýa boýunça döwlet gullugyna we beýleki guramalara hem ýüz tutupdyrlar.

Immigrasiýa gullugy olaryň tölenmändigi aýdylýan pullaryny alyp berjekdigini we wiza üçin tölenmeli puly tutup, olaryň Türkmenistana ugradyljakdygyny habar beripdir. Degişli resmiler, olary deportasiýa etmän, diňe ýzyna ibermek üçin tagalla edilýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Bakudaky ilçihanasy bu barada näme diýýär, habarlaşyp bildiňizmi?

D.Seferli: Şu günüň dowamynda Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasyna ençeme gezek jaň etdim, emma häzire çenli jaňyma jogap beren bolmady. Mundan beýlägem synanyşmagymy dowam ederin, jogap berip-bermejeklerini bilemok, entek garaşyp görmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG