Sepleriň elýeterliligi

Türkmen pälwany greko-rim göreşi boýunça halkara ýaryşda kümüş aldy


Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada gulagy gowy eşitmeýänleriň arasynda greko-rim göreşi boýunça geçirilen 3-nji çempionatda türkmen pälwany kümüş medaly almagy başardy.

N.Kurbanow 55 kg. agrama çenli sportsmenleriň arasynda öz güýjüni synap gördi. Resmi metbugatyň berýän maglumatyna görä, bu ýaryşlara 21 döwletiň wekilleri gatnaşypdyr.

Şeýle-de türkmen pälwany K.Çaryýew 66 kg. çenli aralykda bäsleşen sportsmenleriň arasynda, umumy hasapda bäşinji orny eýelemegi başardy.
XS
SM
MD
LG