Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabatda nobatdaky “marşirowkalar” başlandy


Edil häzirki geçirilýän “marşirowkalarda” aýal-gyzlaryň has köp, Aşgabat.

Edil häzirki geçirilýän “marşirowkalarda” aýal-gyzlaryň has köp, Aşgabat.

Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda garaşsyzlygyň 21 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly ýörişe hem-de baýramçylyk çärelerine “marşirowkalar” diýip atlandyrylýan taýýarlyk türgenleşikleri geçirilip başlandy. Bu türgenleşikler günortadan soň sagat 3-de başlanyp, tä agşam sagat 7-ä çenli dowam edýär. Kä günler irden hem geçirilýär.

“Marşirowkalara” döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, harby we harby däl ýokary okuw jaýlarynyň kursantlarydyr studentleri gatnaşdyrylýar. Bu çärä gatnaşýan studentleri olaryň ak-gök reňkli sport egin-eşiklerinden tanamak mümkin. Olaryň käbirleriniň ellerinde bolsa ak reňkli oturgyç we dolanan dürli reňkli baýdaklar bar. Olar meýdançada dürli surat şekillerini görkezmeli.

Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri studentlerden adaty egin eşikleri bilen tapawutlanýarlar. Studentlerdir harby kursantlar esasan günortadan soň sagat 3-de “marşirowka” geçýän bolsalar, edara kärhanalaryň işgärleri stadiona sagat 4-den soň gelýärler.

Sanaw ýöredilýär

Adat boýunça bu çäräni ýörite režissýor alyp barýar. “Marşirowka” gatnaýan adamlar dürli sinhron hereketleri öwrenýärler. Bir adam ýaly bolup ýöriş etmek, ýa-da tans elementlerini öwrenmek – bu çärä gatnaşýanlaryň esasy borçlary. “Marşirowka” gatnamak döwlet işgärleriniň o diýen halap barmaýan çäreleri bolansoň, olaryň bu çäreden ýüz öwürmezlikleri üçin edara-kärhanalaryň ýörite wekilleri “marşirowka” gelenleriň sanawyny ýöredýärler.

“Eger "Marşirowka" barman, ondan gaçsaň hiç hili duýduryşsyz işden çykarýarlar” diýip, türgenleşige gatnaşýan halyçy zenan aýdýar.



Bu çärä gatnaşýan studentlere hem türgenleşikden ýüz öwürenleriň okuwdan çykaryljakdygy barada duýduryş berilipdir.

"Aslyýetinde, duýduryş bermeseler-de, “marşirowkadan” ýüz öwürip biljek student ýok. “marşirowkalara” gatnamak indi 1-nji we 2-nji kurs studentler üçin adata öwrüldi” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemeýän, ýokary okuw jaýynyň 2-nji kurs studenti aýdýar.

“Marşirowkalara” gatnaýan edara-kärhanlaryň işgärleri öz gönüden-göni etmeli işlerini taşlamaly bolýarlar. Bu ýagdaýyň olaryň işleýän kärhanalarynyň we edaralarynyň kadaly işlemegine zeper ýetirýändigini aşgabatly lukman Amanbibi aýdýar.

"Biziň poliklinikamyzdan hem 15 adam “marşirowka” gatnaşmaly diýdiler. Şol adamlaryň ýerine galýan lukmanlara agram düşýär. Öňem poliklinikamyzda lukmanlar ýetmezçilik edýär. Munuň üstesine-de, beýleki köpçülikleýin çärelere hem gatnaşmaga biziň poliklinikamyzdan birnäçe adam gitmeli bolýar" diýip, Amanbibi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aýal-gyzlar agdyklyk edýär

Edil häzirki geçirilýän “marşirowkalarda” aýal-gyzlaryň has köp. “Marşirowka” dürli ýaşlaryndaky aýal-gyzlar gatnaşýarlar. Bu ýagdaýyň bolsa olaryň käbirleriniň maşgala durmuşlaryna hem öz ýaramaz täsirini ýetirýändigini aşgabatly halyçy zenan aýdýar.

"Adatça işden sagat 6-da boşaýarys. “Marşirowka” zerarly öýe giç barmaly bolýar. Şonuň üçin, aýallaryň köpüsi hojalyk işlerine ýetişenoklar. Bu bolsa maşgalada dawa-jenjel turuzýar" diýip, halyçy zenan gürrüň berýär.

Käbir raýatlaryň aýtmaklaryna görä, garaşsyzlyk baýramynyň 21 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk “marşirowkalaryna” ýakyn wagtda mekdep okuwçylary hem gatnap başlarlar. Bu “marşirowkalara” gatnajak mekdep okuwçylarynyň sanawlarynyň düzülendigini mekdep mugallymlarynyň käbirleri aýdýarlar.

Paýtagtyň orta mekdepleriniň käbirlerinde bolsa Garaşsyzlyk baýramçylygynda mekdep okuwçylarynyň geýjek lybaslary ene-atalaryň pul goşmagy bilen öňünden taýýarlanyp goýlupdyr. Mekdeplerdäki bu hili egin-eşikleri taýýarlamaklyga “köpçülikleýin çäreleriň garderobyny düzmek” diýip atlandyrylýar. “Marşirowkalar” bilen bir hatarda mekdep okuwçylary we olaryň mugallymlary köpsanly köpçülikleýin çärelerine hem gatnaşmaga mejbur bolýarlar. Şol sebäpden käbir mekdeplerde kadaly okuw düzgüni bozulýar.

"Mugallymlar köpçülikleýin çärelere gidýänligi sebäpli käbir klaslaryň okuwçylary okuw okap bilmeýärler. “Marşirowkalar” başlasa ýene-de mugallym ýetmezçilik eder" diýip, Aşgabadyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy aýdýar.

Häzirki geçirilýän “marşirowkalar” Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlykdyr. Mundan başga-da, oktýabr aýynda Garşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurt boýunça dürli görnüşli, dürli derejedäki köpsanly köpçülikleýin çäreler geçiriler. 25-nji sentýabrda "Türkmenistan" we "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetlerinde çap edilen “oktýabr aýynda geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň tertibinde” indiki aý 70 sany köpçülikleýin çäreleri geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň hem döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary we orta okuw jaýlarynyň studentleridir okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiriljekdigi aýdylýar. Şeýdip, Garaşsyz Bitarap Türkmenistan oktýabr aýynda özüniň garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyny bellär. Ondan birnäçe gün soň dekabr aýynda bellenjek Bitaraplyk baýramyna taýýarlyk türgenleşikleri başlanar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG