Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda gurluşykda seýsmiki kadalar hasaba alynýarmy?


Türkmenistanda 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna gurulan ýadygärlik, Aşgabat.

Türkmenistanda 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna gurulan ýadygärlik, Aşgabat.

Türkmenistanda 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýer titreme iň weýrançylykly hasaplanýar. Ýurdyň giňişliginde dürli güýçdäki ýer titremeler şondan soňky döwürde-de häli şindi hasaba alynyp durýar. Seýsmiki taýdan howply ýerde ýerleşýän Türkmenistanda ýer gatlaklarynyň töwekgelçilikli aýratynlyklary gurluşykda hasaba alynýarmy?

Ýakyn günlerde bir günüň dowamynda Türkmenistanda iki gezek ýer yranypdyr. Ýewraziýanyň seýsmologiýa merkezi 1-nji oktýabrda agşam sagat 9 töwereginde 4.3 magnitudaly ýer sarsgynyň bolanlygyny, mundan 10 sagat öň 4.8 magnitudaly ýer sargynyň hasaba alynanlygyny habar berdi. Maglumata laýyklykda, ýer titremeleriň biri Serdar öňki (Gyzýlarbat) şäherinden 216 kilometr, beýlekisi 66 kilometr uzaklykda bolupdyr.

Olar soňky bir aýyň dowamynda şol bir regionda bolan nobatdaky ýer titremeler.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa boýunça jemgyýetiniň ýer titreme boýunça Milli informasiýa merkeziniň maglumatyna görä, 8-nji sentýabrda Gyzylarbatdan 65 kilometr we Gazanjykdan 75 kilometr uzaklykda sarsgyn hasaba alnypdyr.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda bu ýer yranmalar barada habar berilmedi.

Türkmenistan 2000-nji ýylyň dekabr aýynda bolan has uly ýer titreme barada-da habar bermändi. Şonda 8 ballyk ýer titremäniň täsiri regionyň birnäçe ýurtlarynda, hatda Orsýetiň Moskwa we Sankt Peterburg şäherlerinde duýulypdy.

Alymlaryň sözlerine görä, Türkmenistan iň howply seýsmiki zonada ýerleşýär.

Şonda-da şu günki gün Türkmenistan uly gurluşyk meýdanyna öwrüldi. Soňky 20 ýylyň dowamynda ýurtda ýüzlerçe täze binalar, esasanam uly we beýik jaýlar guruldy.

Seýsmiki şertler

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bilermenler köp binalaryň seýsmiki şertler hasaba alynmazdan gurulýandygyny aýdýarlar.

Efirde adynyň tutulmagyny islemedik Türkmenistanyň Seýsmologiýa institutynyň ozalky işgäriniň sözlerine görä, sowet döwründe işlenip düzülen standartlarda, Aşgabatda 3-4 gatdan beýik binalary gurmak gadagan edilýärdi, türkmen alymlarynyň ondan soňky ylmy öwrenmelerinde-de paýtagtda binalaryň beýikligine we gurluşyk materiallaryna degişli çäklendirmeler öňe sürülýär.

Emma soňky döwürde paýtagtda, onuň töwereginde we hatda dagyň eteginde ylmy nukdaý nazardan seýsmiki taýdan howply, diýip kesgitlenen ýerlerde-de beýik binalaryň gurulýandygy habar berilýär.

Türkmenistanda işlän türkiýeli gurluşyk şirketleriň wekilleri gurulan ýaşaýyş jaýlaryň ençemesiniň ýeriň aşaky gatlaklary boşlukly ýerlerde gurulandygyny gürrüň berdiler.

Ýerli ýaşaýjylar gurulan jaýlaryň çat açyp, çökýän halatlarynyň bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda täze gurulýan gymmatbaha jaýlarda mermer daşy köp ulanylýar. Emma şol mermer daşlary berkitmekde bolmalysyndan has pes hilli serişdeleriň ulanylýandygy habar berilýär.

Şeýle ýagdaýda ýer titremede şeýle jaýlaryň ýykylman tutuşlygyna ýere çökmeginiň töwekgelçiliginiň bardygyny bilermenler aýdýarlar, olar hatda adaty bir ýagdaýda-da daşlaryň gaçmagynyň ähtimaldygyny belleýärler.

Emma jaýy gurmak kararyna gelnende, ya-da şol jaý ulanylyşa berlende “alymlara gulak asýan ýok”, diýip Türkmenistanyň Seýsmologiýa boýunça institutynyň öňki işgäri belledi.

Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow ýurtdaky gurluşyklarda seýsmiki töwekgelçiliklere ýeterlik ünsüň berilmeýändiginiň sebäbini girdeýjili gurluşyk pudagyndaky korrupsiýada görýär.

“Bizde korrupsiýa gaty ösen. Islendik işde korrupsiýanyň täsiri beýleki talaplaryň täsirinden uly bolup çykýar. Ulanylyşa bermek boýunça döwlet komissiýasy bizde bar, ýöne şol komissiýanyň rolunyň nähilidigini biz bilmeýäris. Bizde ýapyk yurt. Şu wagt islendik jaýyň proýektlerini tenderden geçirmeli. Emma azat tender ýok, tenderden geçmek üçin jaýy zakaz eden ministrligiň ýolbaşçysy, ýa-da döwlet ýolbaşçylary bilen tanyş bolmaly”, diýip Nurmämmedow belledi.

BMG tarapyndan iň weýrançylykly ýer titreme, diýip kesgitlenen tebygy betbagytçylygyny başdan geçiren Türkmenistanda 1948-nji ýylyň ýer titremesi ýatlanýarka, ýurduň seýsmiki ýagdaýyna gözegçiligiň näderejede alynyp barylýanlygy barada köpçülige habar berilmeýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan orsýetli alymlar, 1948-nji ýylyň Aşgabatdaky ýer titremesiniň Sowet Soýuzynda seýsmologiýanyň we ýer titremeleriň düýpli öwrenilmegine itergi berendigini bellediler. Emma olar Tükmenistan garaşsyzdygyny yglan edensoň ýurt bilen kesilen ylmy gatnaşyklaryň seýsmologiýa meselesinde henizem dikeldilmändigini gürrüň berdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG