Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň häzirki prezidenti Hugo Çawez gaýtadan saýlandy


Wenesuelanyň saýlawlara jogapkär ýolbaşçylary döwlet başyndaky Hugo Çawezi ýekşenbe günki prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi yglan etdiler. Resmiler Çaweziň sesleriň 54%-tini toplandygyny, onuň garşydaşy Henrikue Kaprilesiň bolsa sesleriň 45%-tine eýe bolandygyny aýtdylar.

Saýlawlaryň netijelerine laýyklykda, üçünji prezidentlik möhletine saýlanan Çawez nebte baý Wenesuelany ýene alty ýyllap dolandyrar.

Saýlaw resmileri ýurtda hasaba alynan 19 million çemesi saýlawçynyň 80%-den gowragynyň ses berendigini yglan etdiler. Netijeler yglan edilensoň Çaweziň tarapdarlarynyň paýtagt Karakasyň köçelerine çykyp ýeňişi uly dabara bilen belländikleri habar berilýär.

Orsýetiň, Belarusyň we Eýranyň hökümetleriniň ýarany Çawez 1999-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda galýar we Latin Amerikada saýlanan prezidentleriň arasynda iň uzak wagtlap saklanýan prezident hasaplanýar.

Ynsan hukuklaryny we metbugaty goraýjy aktiwistler Çawezi öz häkimiýetine garşy çykyş edýänler babatynda repressiw çäreleri ulanmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG