Sepleriň elýeterliligi

GDA-nyň intelligensiýa wekilleri Aşgabatda maslahat edýär


Duşenbe güni Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy öz işine başlady.

Bu forumyň işine Orsýet Federasiýasynyň Döwlet dumasynyň Federal geňeşiniň başlygy Sergeý Naryşkin, GDA-nyň ýerniýe ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, GDA gatnaşyjy döwletleriň Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk fondunyň (DGHF) prawleniýesiniň başlygy Polat Bilbil ogly, DGHF-nyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan, Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň döwletara medeni hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ýörite wekili, DGHF-nyň egindeş başlygy Mihail Şwydkoý we beýlekiler gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara ýüzlenip eden çykyşynda medeniýetiň jemgyýetçilik ösüşiniň özeni bolup durýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG