Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Goranmak ministriň wezipesini ýerine ýetiriji ýurdy terk edýär


Gürjüstanyň goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýitirim bolan Dmitriý Şaşkin ýurdy terk etmek kararyna gelendigini mälim etdi. Şaşkin özüniň “Facebook” hasabynda Gürjüstana haçanda bolsa bir gün dolanmaga umyt edýändigini ýazdy.

Ol 1-nji oktýabrdaky parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan käbir syýasatçylardan tapawutly garaýyşlarynyň badygy sebäpli, bu karara gelendigini aýdýar. Şeýle-de Şaşkin ýakynda özi babatynda peýda bolup biljek “ýalan hekaýalara ynanmazlyga” çagyrýar.

Milliarder Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” koalisiýasy saýlawlarda Mihaýil Saakaşwiliniň partiýasyndan üstün çykandan soň, ýurduň ýokary derejeli resmileriniň ençemesi ýitirim boldy.

Geçen hepde goranmak ministriň metbugat wekili, onuň iş sapary bilen ABŞ-a gidendigini mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG