Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Garaşsyzlyk gününi baýram edýär


Aşgabatda gurnalan harby paradda ýurduň müňlerçe esgeri baýramçylyk tribinasynyň öňünden nyzam bilen ýöräp geçdiler. Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2012.

Aşgabatda gurnalan harby paradda ýurduň müňlerçe esgeri baýramçylyk tribinasynyň öňünden nyzam bilen ýöräp geçdiler. Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2012.

Şenbe güni, 27-nji oktýabrda Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlyk güni bellenilip geçilýär. Garaşsyzlygyň 21 ýyllygyna gabatlanyp ýurduň ähli regionlarynda giň gerimde baýramçylyk çäreleri ýola goýuldy.

Bu çärelerden iň bir uly gerimlisi paýtagt Aşgabatda gurnalan harby parad boldy. Onda ýurduň müňlerçe esgeri baýramçylyk tribinasynyň öňünden nyzam bilen ýöräp geçdiler. Tribunadan bu parada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňbaşçylygynda ýokary derejeli hökümet resmileri syn etdiler.

Baýramçylyk ýörişleriniň we konsert çäreleriniň Türkmenistanyň beýleki welaýat merkezlerinde-de uly gerimde gurnalandygy habar berilýär.

Müňlerçe esger Aşgabadyň merkezinde harby parada taýýarlanyp dur. 27-nji oktýabr, 2012.

Müňlerçe esger Aşgabadyň merkezinde harby parada taýýarlanyp dur. 27-nji oktýabr, 2012.

Bu wakanyň öňýany, anna güni ýörite Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanyp hökümet maslahaty-da geçirildi. Şenbe güni giçlik bolsa, Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanylyp ýörite baýramçylyk konserti gurnaldy.

Bu konserte Türkmenistanyň ýokary derejeli hökümet resmileri we pudak ýolbaşçylary bilen birlikde, dürli jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, ylym we döredijilik kollektiwleriniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt diplomatik edaralarynyň resmileri-de gatnaşdylar.

Şenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp ýörite hökümet maslahaty hem geçirildi. Onda prezident G.Berdimuhamedow Türkmen döwletiniň öňünde aýratyn hyzmat bitiren käbir şahsyýetlere sylaglary gowşurdy.

Hususan-da, bu maslahatda Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa boýunça institutynyň maslahatçysy, taryh ylymlarynyň doktory, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidi “Türkmeniň Altyn asyry” atly konkursyň ýeňijisi diýlip yglan edilip, oňa 10 müň dollar möçberinde pul sylagy gowşuryldy.

Şeýle hem, oňa “Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hormatly akademigi” diýen at dakyldy. Wiktor Iwanowiç Sarianidi 1970-nji ýyllaryň başlaryndan bäri Türkmenistanyň käbir möhüm taryhy nokatlarynda, şol sanda gadymy Goňurdepede hem arheologiki gazuw-agtaryş işlerini alyp barýar.

Orsýetli alym W.Sarianidi berlen sylaga minnetdarlygyny bildirýär. Aşgabat, 26-njy oktýabr, 2012.

Orsýetli alym W.Sarianidi berlen sylaga minnetdarlygyny bildirýär. Aşgabat, 26-njy oktýabr, 2012.

Hökümet maslahatynda prezidentiň permany bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, akademik Ata Jykyýewi “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” atly orden bilen sylaglamak hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” atly konkursyň ýeňijisi hökmünde oňa 5 müň dollar möçberinde pul sylagyny bermek karar edildi.

Şeýle hem, şenbe günki baýramçylyk maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bägül Nurmyradowa “ýurduň medeniýetini ösdürmekde bitiren hyzmatlary” üçin Türkmenistanyň “Altyn asyr” ordeniniň 2-nji derejesi bilen sylaglanyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG