Sepleriň elýeterliligi

Propiska durmak üçin nobatlar


Aşgabat şäher häkimliginiň Ýazga durmak üçin bölüminde uly nobatlary görmek bolýar. 30-njy oktýabr, 2012 ý.

Aşgabat şäher häkimliginiň Ýazga durmak üçin bölüminde uly nobatlary görmek bolýar. 30-njy oktýabr, 2012 ý.

Aşgabat şäher häkimliginiň Ýazga durmak üçin bölüminiň öňünde uly goh-galmagalyň içinde nobata duran onlarça adamy synlamak bolýar. Adamlar, ellerinde gerekli resminamalary jemläp, entek sowet döwründen galan düzgüne görä, propiska, ýagny ýaşaýan ýeriňde ýazga durmak üçin uzakly gün nobatda durlar.

Aşgabat şäher häkimliginiň Ýazga durmak üçin bölüminde uly nobatlary görmek bolýar.

Aşgabat şäher häkimliginiň Ýazga durmak üçin bölüminde uly nobatlary görmek bolýar.

Emma günde-günaşa diýen ýaly döreýän uzyn nobatlaryň arasyndan diňe sanlyja adam kabul edilýär diýip, nobata duran pensioner aýal gürrüň berýär.

Ol: “Serediň-ä, bärde ýarym müňe golaý adam dyknyşyp dur. Muny nädip beýdip bolar?! Adamlaryň kösenmezligi üçin, ähli kişini bir ýere jemlemän, resminamalary etrapma-etrap kabul etseler bolmaýarmy?!" diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip: "Adamlar nobatyna garaşyp, bu ýerden hiç ýere gitmän, üç-dört gije-gündizi hem geçirýärler. Ine, serediň bir aýal nobata duranlaryň özüçe sanawyny düzýär. Bu onuň işimi näme?! Muny häkimligiň resmileri etmeli ahyryn" diýip, belledi.

Pensioner zenan ýazga durmak üçin häkimlige eýýäm ençeme sapar gelse-de, binanyň içine girip bilmändigini aýdýar: “Men eýýäm üçünji gezek geldim. Sebäbimi? Sebäbi gerek bolsa, bu duran nobata bir serediň-ä. Her gün müňe golaý adam ýygnanýar. Köp bolsa-da, 30 adam kabul edilýär. Eger-de siziň tanşyňyz bolmasa, onda 30 günüň içinde hem resminamalary tabşyryp bolmaýar”.
Ýazga girmek üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy

Ýazga girmek üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy

Şäher häkimliginiň Ýazga durmak üçin bölüminiň howlusynda ýazga girmek üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy hem goýlupdyr. Emma adamlar soralýan resminamalar ýygnalyp getirilse-de, resmileriň gezekli-gezegine goşmaça meseleleri döredýändigini nobatda duranlar gürrüň berýär.

Pensioner aýal: Elbetde, kynçylyklary döredýärler. Ýaňy hem aýdyşym ýaly, edil meniň özüm ol ýere entek girip bilmedim. Şonuň üçin anyk bir zady aýdyp biljek däl. Ýöne olar ‘bu resminamaň ýalňyş doldurylan” ýa ýene-de bir zatlar diýip, yrsaraýarlar.

Propiska, ýagny ýaşaýan ýeriňde ýazga durmak meselesiniň türkmenistanlylara uzak wagtyň dowamynda belli bir kynçylyklary döredip gelýändigi barada habar berilýär. 60 ýaşly pensioner özüniň duçar bolan kynçylyklary barada şeýle gürrüň berdi: “Şu güne çenli men hatda özümiň oglumy hem ýazga girizip bilemok. Öz oglumy, düşünýäňizmi?!.

Ol sözüni dowam etdirip: "Meniň doganym umumy ýaşaýyş jaýyndan ýazgydan çykyp, 10 ýyl töweregi jaý gurluşyk kombinatynda işläpdi. Şol wagt oňa ‘seni dessine ýazga alarys’ diýen bolsalar hem, hiç zat edilmändi. Munuň netijesinde doganymyň 10 ýyllyk iş stažy hem hasaba alynman, ol ýele sowruldy. Men ähli ýere ýüz tutdum, emma baran ýerlerimiziň hiç birinde-de biziň haýyşymyzy kanagatlandyrmandylar. Propiska gadagandy" diýdi.

60 ýaşlaryndaky pensioner sözüniň ahyrynda “eger-de ähli adamlary bir ýere jemlemän, olary degişli etraplara bölüp kabul etseler, onda uly nobat bilen bagly kynçylyklaryň, döreýän dawa-jenjelleriň hem azaljakdygyna” ynanýandygyny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG